Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR-nyň prezidenti 'daşary ýurt agentleriniň' sanawynyň uzaldylmagyny ýazgardy


 Mosckwa.
"Daşary ýurt agenti" ABŞ-ny söýýärin"- "Memorial" adam hukuklary merkeziniň edara jaýynyň diwatyndaky ýazgy. Noýabr, 2021-nji ýyl.
Mosckwa. "Daşary ýurt agenti" ABŞ-ny söýýärin"- "Memorial" adam hukuklary merkeziniň edara jaýynyň diwatyndaky ýazgy. Noýabr, 2021-nji ýyl.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň prezidenti Jeými Flaý AÝ/AR bilen hyzmatdaşlyk edýän adamlaryň "daşary ýurt agentleriniň" sanawyna girizilmegini ýazgardy.

“Şu gün AÝ/AR-yň iki žurnalistiniň atlarynyň "daşary ýurt agentleriniň "sanawyna goşulmagy bilen, Radio bilen hyzmatdaşlyk edýän ruslaryň arasynda bu tagma bilen tagmalanan adamlaryň sany 18-e ýetdi. Bu görlen çäreler bizi rus auditorisýasy üçin alyp barýan işimizi bes etmäge mejbur edip bilmez" diýip, Flaý aýtdy.

Azatlyk radiosynyň Rus gullugynyň sosial ulgamlar boýunça redaktory Iwan Belýaew, "Sewer.Realii" neşiriniň žurnalisti Ýelena Wladykina, Birinji telekanalyň başlygynyň ozalky orunbasary we Orsýetiň Jemgyýetçilik palatasynyň ozalky agzasy Marat Gelman, "New York Times" gazetinde makalalary bilen çykyş edýän Wiktor Şenderowiç, "Holod" žurnalynyň baş redaktory Taýsiýa Bekbulatowa, "Pussy Riota" gatnaşyjylar Nadýa Tolokonnikowa we Weronika Nikulşin, ýaroslawlly kino telekeçisi we "Nebit" kinoklubynyň esaslandyryjysy Andreý Alekseýew dagy 30-njy dekabrda "daşary ýurt agentleriniň" sanawyna goşuldy.

Tolokonnikowa Facebookda öz makalalaryny talap edilýän bellik bilen bellemek islemeýändigini we bu karara garşy çykjakdygyny ýazdy.

Andreý Alekseýew "Možem obýasnit" telegramm kanalyna beren interwýusynda Adalat ministrliginiň sanawyna girizilmek ähtimallygy barada sentýabr aýyndan bäri resmi däl habarlary alyp gelendigini aýtdy.

"Biz Germaniýanyň Fridrih Naumann gaznasy bilen hyzmatdaşlykda kino görkezýändigimizi hiç haçan gizlemedik, bu barada elmydama aç-açan gürrüň etdik" diýip, telekeçi aýtdy.

XS
SM
MD
LG