Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň dartgynlygy gowşatmak tagallalarynyň çäginde, Baýden ýene Zelenskiý bilen gepleşer


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ukrain kärdeşi Wolodymyr Zelenskiý bilen duşuşyk wagtynda. Waşington, 1-nji sentýabr, 2021
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ukrain kärdeşi Wolodymyr Zelenskiý bilen duşuşyk wagtynda. Waşington, 1-nji sentýabr, 2021

Birleşen Ştatlaryň ukraina serhedinde toplanan rus goşunlarynyň döreden dartgynlygyny gowşatmak tagallalarynyň çäginde, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 2-nji ýanwarda ýene bir gezek ukrain kärdeşi Wolodymyr Zelenskiý bilen telefonda gürleşer.

Zelenskiý bilen geçiriljek telefon gürrüňinde, Russiýanyň agressiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolan ýagdaýynda, Baýden "ABŞ-nyň Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldaýandygyny ýene bir gezek tassyklamagy" niýet edinýär diýip, Ak tamyň resmisi 31-nji dekabrda, bu telefon gepleşiginiň senesini yglan edende aýtdy.

Resminiň sözlerine görä, iki lider ABŞ-nyň geljek aýda Russiýa bilen geçiriljek gepleşiklere görülýän taýýarlyklary hem ara alyp maslahatlaşar.

Zelenskiý bilen geçiriljek telefon gürrüňi Ak tamyň Kremlden abanýan harby howp meselesini diplomatiýa arkaly çözmek tagallalarynyň çägindäki ýene bir maslahat bolup, 30-njy dekabrda Baýden bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen gepleşigiň yz ýanyna gaýat gelýär.

Baýden Zelenskiý bilen soňky gezek üç hepde ozal gürleşipdi.

XS
SM
MD
LG