Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň rewolýusiýa goragçylary durnuksyz sebitde 'ýaragly garakçylary' öldürendigini aýdýar


Eýran. Daştýaridäki mekdep, Sistan-Balujystan sebiti
Eýran. Daştýaridäki mekdep, Sistan-Balujystan sebiti

Yslamçy rewolýusiýa goragçylary korpusy Eýranyň günorta-gündogaryndaky Sistan-Bulujystan welaýatynda alty sany "ýaragly garakçyny" öldürdi diýip, guramanyň 1-nji ýanwarda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Bu çaknyşykda rewolýusiýa goragçylarynyň hatarynda söweşýän ýerli meýletinçileriň, Basij milisiýasynyň üç agzasy wepat boldy, azyndan bäş “garakçy” ýaralandy diýip, habarda bellenýär.

Eýranyň iň garyp welaýatlaryndan biri we ýurduň Pakistan we Owganystan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän durnuksyz sebit bolan Sistan-Bulujystan neşe gaçakçylarynyň we söweşiji toparlaryň hereket edýän ýerler hökmünde bilinýär.

Eýran mediasynyň maglumatyna görä, rewolýusiýa goragçylary korpusy 31-nji dekabrda iki garawulyň ölmegine sebäp bolan ganly hüjüme dahylly diýip bilinýän üç adamy atyp öldürdi.

XS
SM
MD
LG