Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Özbegistana önüm iberýän ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy boldy


Türkmen-özbek serhedindäki ýük awtoulaglary. Arhiw suraty
Türkmen-özbek serhedindäki ýük awtoulaglary. Arhiw suraty

Russiýa geçen ýylyň ýanwaryndan noýabryna çenli aralykda Özbegistana önüm eksport edýän ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy boldy diýip, "Trend" neşiri Özbegistanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp habar berýär.

Bu döwürde Özbegistanyň Russiýadan eden importynyň mukdary 4,7 milliard dollar möçberinde boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,3% (3,7 milliard dollar) ösüş bolandygyny aňladýar.

Görkezijide ikinji orunda durýan Hytaýdan import edilen önümleriň umumy bahasy 4,4 milliard dollar bolsa, üçünji orunda durýan Gazagystandan import edilen hatyrlaryň bahasy 2,4 milliard dollar boldy.

2021-nji ýylyň 11 aýynda Özbegistana getirilen import önümleriniň umumy bahasy 22,4 milliard dollar boldy, bu 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,6% (18,7 milliard dollar) ösüşi aňladýar.

XS
SM
MD
LG