Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Komissiýasy gaz we ýadro energiýasyny "ýaşyl" hasaplamagy teklip etdi


Çehiýa. Temelin ýadro elektrik stansiýasy
Çehiýa. Temelin ýadro elektrik stansiýasy

Ýewropa Komissiýasy gaz we ýadro energiýasyny belli bir ýagdaýlarda "ýaşyl" hasaplamagy teklip etdi. Bu teklibiň taslamasy ÝB-niň agza ýurtlaryna iberildi diýip, Germaniýanyň dpa agentligi we "Financial Times" gazeti habar berýär.

Bileleşigi uzak möhletleýin maliýeleşdirmek baradaky maksatnamasynyň kabul edilmeginiň çäginde edilen teklip ýiti çekişmeleriň döremegine sebäp boldy diýip, dpa belleýär. Energiýanyň bu görnüşlerine bolan garaýyşlar ÝB ýurtlarynda dürli-dürli bolup, bir-birinden düýpli tapawutlanýar.

Gaz energiýasynyň tarapdarlary onuň kömürden has arassadygyny aýtsalar, ýadro energiýasynyň tarapdarlary onuň kömürturşy gazynyň bölünip çykmagyna täsir ýetirmeýändigini öňe sürýärler.

Teklipden gelip çykýan netijä görä, tebigy gaz bilen işleýän elektrik stansiýalary 2030-njy ýyldan soň gurlan ýagdaýynda, ýyladyşhana gazlarynyň syzyp çykmagyny gaty berk çäklendirmeli bolar.

2045-nji ýyla çenli gurluşyk rugsady bolan ýagdaýynda, ýadro taslamalary ýaşyl hasap ediler.

Garşydaşlar, ýangyç guýulýan stansiýalar barada aýdylanda, "arassanyň" "päk" diýmegi aňlatmaýandygyny, ýadro energiýasynyň bolsa, howply galyndylarynyň ýok edilmelidigini we agyr hadysalara getirmek töwekgelliginiň bardygyny aýdýarlar.

Ýadro energiýasyna iň berk garşy durýan ýurtlaryň arasynda ykdysadyýeti boýunça ÝB-de ilkinji orunda durýan ýurt bolan Germaniýa hem bar.

Berlin 31-nji dekabrda ýurtda galan alty atom elektrik stansiýasynyň üçüsini ýapdy. Galan üç stansiýanyň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli ýapylmagy meýilleşdirilýär.

Şol bir wagtda, ÝB-niň ikinji ykdysadyýeti bolan Fransiýa elektrik energiýasynyň 70%-ini ýadro desgalaryndan öndürýär we iň soňkusy 20 ýyl çemesi ozal ulanmaga berlen ýadro desgalarynyň gurluşygyny täzeden başlamagy meýilleşdirýär.

XS
SM
MD
LG