Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýede inflýasiýanyň derejesi soňky 19 ýylyň içinde rekord derejä galdy


Türkiýedäki häzirki inflýasiýanyň derejesi 2002-nji ýylyň sentýabryndan bäri hasaba alnan iň ýokary görkezijidir.

Türkiýede inflýasiýanyň derejesi soňky tas 20 ýylyň içinde iň ýokary derejä ýetdi. Bu ýurduň ykdysadyýetine we milli pul birligine ýaramaz täsir ýetirip, geljek ýyl geçirilmeli saýlawlaryň öňýany türk hökümetine basyşlary hem artdyrdy.

Dekabrda harytlaryň sarp edijilik nyrhy ondan ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 36,1% artdy. Bu barada 3-nji ýanwarda Türkiýäniň Statistika instituty mälim etdi. Galyberse, bu bilermenleriň çak eden 27% görkezijisinden has ýokarydyr.

Mundan başga-da, gürrüňi gidýän döwür içinde haryt öndürijileriň nyrhlary hem 80% çemesi ýokarlandy. Bu önümleriň has ýokary bahalarynyň alyjylaryň gerdenine düşjekdigini, şeýle-de kompaniýalaryň geljek girdejileriniň kemeljekdigini aňladýar.

Häzirki inflýasiýanyň derejesi 2002-nji ýylyň sentýabryndan, ýagny prezident Rejep Taýyp Erdoganyň häkimiýete geçmegine iki aý çemesi wagt galandan bäri hasaba alnan iň ýokary görkezijidir.

Ýokary inflýasiýa raýatlaryň satyn alyjylyk ukybyny peseltdi, şeýle-de azyk, transport, ýyladyş ulgamy, elektrik üpjünçiligi we beýleki günübirin harytdyr-hyzmatlaryň nyrhlaryny artdyrdy.

Türkiýede inflýasiýanyň derejesi Erdoganyň Merkezi Bankyň işine gatyşmagy we özboluşly ykdysady syýasatynyň netijesinde hasam ýitileşdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG