Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň iri döwletleri ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygyny wada berýärler


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi

Dünýäniň ýadro ýaragyna eýe bolan öňdebaryjy bäş döwleti, ýagny BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary atom ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak, şeýle-de ýadro urşunyň hiç haçan ýüze çykmajakdygyny kepillendirmek üçin tagalla etmek barada umumy wada berdiler.

Bilelikde ýaýradylan seýrek beýanatda Fransiýa, ABŞ, Russiýa, Hytaý we Britaniýa ýadro urşunyň we ýadro ýaraglarynyň ýaryşynyň öňüni almaga ygrarlydyklaryny bellediler. Möhüm ýadro ylalaşygynyň seljerilmeginiň öňýany ýaýradylan beýanatda “ýadro urşunyň hiç haçan ýeňip bolmajakdygy we hiç haçan başladylmaly däldigi” hem bellenilýär.

Döwletler ýadro ýaraglarynyň ulanylmagy netijesinde döräp biljek ýagdaýlar barada hem durup geçip, olaryň diňe “goranyş, saklamak we söweşiň öňüni almak maksady bilen ulanylmalydygy” nygtalýar.

Bu beýanat Ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy boýunça şertnamanyň (NPT) seljerilmeginiň, COVID-19 pandemiýasy sebäpli, 4-nji ýanwardan şu ýylyň aýagyna geçirilmeginden soň ýaýradyldy.

1970-nji ýylda baglaşylan bu ylalaşykda oňa gol goýan taraplaryň her bäş ýylda duşuşyp, şertnamanyň durmuşa geçirilişini seljermek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulandyr.

Konferensiýany 2020-nji ýylyň aprelinde geçirmek planlaşdyrylypdy. Emma koronawirus pandemiýasy sebäpli ol yza süýşürildi.

XS
SM
MD
LG