Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda energiýanyň gymmatlamagyna garşy tapgyr üçünji gün protestler geçirilýär


Gazagystanyň günbataryndaky Uralsk şäherindki protestler. 4-nji ýanwar, 2022 ý.
Gazagystanyň günbataryndaky Uralsk şäherindki protestler. 4-nji ýanwar, 2022 ý.

Gazagystanyň günbataryndaky Mangystau şäherinde ýüzlerçe adam 4-nji ýanwarda tapgyr üçünji gün proteste çykdylar. Demonstrantlar ulaglar üçin niýetlenen suwuklandyrylan gazyň bahasynyň birden göz-görtele ýokarlanmagyna garşy çykýarlar.

Protestçiler Žanaozen we Aktau şäherleriniň hökümet binalarynyň öňünde geçiren iki gijäniň dowamynda gaz bahalarynyň peseldilmegini we hökümetiň çekilmegini talap etdiler.

Şeýle-de protestler ýurduň demirgazygyndaky Aktobe, günortasyndaky Şymkent, günbataryndaky Oral, iň iri Almaty şäherlerinde we paýtagt Nur-Soltanda geçirildi. Demonstrantlar Mangystaudaky protestçilere raýdaşlyk bildirmek bilen birlikde korrupsiýa, işsizlik we az aýlyklar barada hem nägileligini äşgär etdiler.

Polisiýa 20-den hem aşa protestçini saklady.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hökümet komissiýasynyň Aktau şäherinde “umumy çözgüdi tapmak ugrunda tagalla edip başlandygyny” aýdyp, demonstrantlary köşeşdirmäge synanyşdy.

Hökümet suwuklandyrylan gazyň bahasyny “kadalaşdyrmak üçin, çäreleriň toplumyny durmuşa geçirjekdigini” aýtdy.

Şu ýylyň başynda Mangystaunyň ýangyç beketlerinde suwuklandyrylan gazyň bahasy 120 gazak teňňesine (28 ABŞ senti) çenli galdy. 2021-nji ýylda onuň bahasy 50-60 teňňe (12-14 sent) aralygyndady.

XS
SM
MD
LG