Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany umra haja rugsat berýär. Täjigistanyň häkimiýetleri haja gitjeklere rugsat bermäge howlukmaýar


Saud Arabystany daşary ýurtly zyýaratçylara patyşalygyň häkimiýetleri tarapyndan tassyklanan dermanlar bilen koronawirusa garşy sanjym edilen halatynda, kiçi haja – umra gitmäge rugsat berdi. Täjigistandaky dindarlar sanjymlaryň bardygyna garamazdan, yslamyň mukaddes ýerlerine gitmäge häkimiýetleriň rugsat bermeýändiginden zeýrenýärler.

Saud Arabystanyna gitjeklere, iki dozada Pfizer-BioNTech, Oxford-AstraZeneca ýa-da Moderna sanjymlaryny; ýa-da bir doza Johnson & Johnson sanjymlaryny alanlara rugsat berilýär. Bu sanjymlaryň ählisi Er-Riýad tarapyndan tassyklandy. Habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, golaýda Saud Arabystanynyň häkimiýetleri iki dozada Sputnik V sanjymy edilen Russiýadaky musulmanlara 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan patyşalyga gysga zyýarata; hususan-da, haja we kiçi haja – umra gelmäge rugsat berdiler.

Şeýle hem Saud Arabystany beýleki ýurtlardan umra zyýaraty üçin gelen musulmanlaryň 30 güne çenli, ýagny pandemiýadan öňki döwürden hem has uzak möhlete patyşalykda galyp biljekdigini habar berdi.

Pfizer, AstraZeneca we Moderna sanjymlaryny alan Täjigistanyň graždanlary yslamyň mukaddes ýerleri bolan Mekge we Medine şäherlerine zyýarata gidip bilerler.

Täjigistanda haj zyýaraty ýa-da kiçi haj – umra zyýaraty bilen baglanyşykly meseleleri ýurduň hökümetiniň ýanyndaky Täjigistanyň Din işlerini, däpleri, dabaralary we dessurlary düzgünleşdirmek komiteti tarapyndan düzgünleşdirilýär.

Hatlon welaýatynyň ýaşaýjysy Abdusattor Şerifow dekabryň başynda dini meseleler boýunça komitetiň ýerli bölümine kiçi haja gitmek üçin rugsat berilmegini sorap ýüz tutupdyr, emma onuň haýyşyny bitirmändirler.

"Men eýýäm iki ýyl bäri Mekgä we Medinä zyýarata garaşýaryn. Sanjym edilenlere kiçi haja rugsat berlendigini eşidenimde, dini işler boýunça komitetiň bölümine howlukdym. Ýöne ol ýerde maňa ýene biraz sabyr etmegiň zerurdygyny aýtdylar. Sebäbini bilemok: hiç kim hiç zat aýtmaýar" diýip, Azatlygyň Täjik gullugyna gürrüň berdi.

Din işlerini, däpleri, dabaralary we dessurlary düzgünleşdirmek komiteti Täjigistanyň graždanlaryna Saud Arabystanyna girmäge rugsat berilýändigini tassyklady. “Kiçi haja gitmek üçin rugsat barada aýdylanda bolsa, häzir taýynlyk işleri dowam edýär, biz COVID-19-yň ýaýramagyna garşy göreş baradaky respublikan ştabyň gutarnykly kararyna garaşýarys" diýip, edaranyň metbugat sekretary Afşin Mukim aýtdy.

Bu aralykda, Özbegistandan we Gyrgyzystandan bolan dindarlar 10-njy oktýabrdan bäri Mekgä we Medinä zyýarata gidip gelýärler.

Uly ýa-da kiçi haj yslamyň bäş sütüniniň biridir we kämillik ýaşyna ýeten her bir erkin musulman, saglyk we maddy mümkinçiligi bolsa, ömründe bir gezek haj zyýaratyny berjaý etmeli. Uly bilen kiçi hajyň arasyndaky tapawut; Uly haj üçin takyk belli wagt kesgitlenýär, zyýarat diňe şol aralykda bolmaly; umra hajyny bolsa ýylyň islendik wagtynda berjaý edip bolýar.

"COVID-19-yň ýaýramagyna garşy göreş baradaky respublikan ştabyň kiçi haja gitjeklere rugsat bermeýändiginiň sebäbi düşnüksiz. Indi Täjigistanyň graždanlaryna Saud Arabystanyndan elektron wiza almak üçin, koronawirusa garşy alan sanjym şahadatnamasynyň göçürmesini ibermek ýeterlikdir. Häzirki respublikan ştabyň bu meseläni çözmekden saklanýan wagtynda, Täjigistandan käbir adamlar Russiýanyň üsti bilen Yslamyň mukaddes ýerlerine gidýärler" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran hökümet işgäri Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde mälim etdi.

Din işlerini, däpleri, dabaralary we dessurlary düzgünleşdirmek komitetiniň metbugat sekretary Afşin Mukim öz edarasynyň, ýurduň graždanlarynyň Saud Arabystanyna beýleki ýurtlaryň üstünden, şahsy sapara gidýändiginden habarlydygyny aýdýar.

“Olaryň köpüsi elektron wizalary diňe bir umra hajy üçin däl, eýsem işewür syýahat we şol ýerde işlemek üçin ulanýarlar. Bu, elbetde, islenmeýän ýagdaý, sebäbi kynçylyklar ýüze çykan halatynda, biz olara zerur kömegi berip bilmeris" diýip, Afşin Mukim aýdýar.

Pandemiýa başlamazdan ozal Täjigistanda her ýylda 6 müňe golaý adam uly haja gidýärdi, ýene 3 müň adam kiçi haja gidýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG