Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Centerra" altyn käni üstünde dörän dawany kazysyz çözmäge çalyşýar


 Kumtor käni
Kumtor käni

"Centerra Gold" Kanadanyň Kumtor altyn käninde işlän kompaniýasynyň gyrgyz hökümeti bilen edýän dawasyny kazysyz çözmek üçin gepleşik geçirýändigini tassyk etdi.

Birnäçe ýyl bäri maliýe we daşky gurşaw düşünişmezlikleriň merkezinde bolan altyn käni häzir gyrgyz döwleti bilen Centerranyň arasynda eýeçilik üstünde barýan dawanyň subýektine öwrüldi.

“Centerra" 3-nji ýanwarda bu dawany çözmek üçin zerur hasaplaýan çarçuwasyny kesgitledi we döwlet eýeçiligindäki "Gyrgyzaltyn" kompaniýasynyň paýlarynyň takmynan 26,1 göteriminiň özüne degişli bolmalydygyny aýtdy.

Mundan başga, beýleki zatlar bilen birlikde, bu kararda gyrgyz döwletiniň "Centerranyň" bileleikde döreden iki gyrgyz kärhanasy, şeýle-de Kumtor käni üçin “doly jogapkärçiligi” öz üstüne almalydygy aýdylýar.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow bir gün öň "Centerra" bilen "gepleşik etabynda gowy öňegidişligiň" bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG