Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde gündelik COVID-19 hadysalarynyň sany ilkinji gezek iki milliondan geçdi


Dünýäde gündelik koronawirus ýokuşan adamlaryň sany pandemiýa başlanaly bäri ilkinji gezek iki milliondan geçdi diýip, Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) habar berdi. Şeýle-de gurama bir günde bu wirusdan ýedi müň näsagyň ýogalandygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlarda 4-nji ýanwar güni, pandemiýa başlanaly bäri ilkinji gezek bir günde bir milliondan gowrak COVID-19 hadysasy ýüze çykaryldy, bu birnäçe gün ozalky gündelik derejeden iki esse köp adama wirus ýokuşandygyny aňladýar.

Dünýäde koronawirus näsaglarynyň sanynyň köpelmegi ilkinji gezek Günorta Afrikada ýüze çykarylan “omikron” görnüşi bilen baglanyşykly hasaplanýar.

Lukmanlar wirusyň täze wariantynyň has ýokançdygyny we waksina sanjymlaryny alanlara hem ýokuşyp biljekdigini aýdýarlar. Ýöne bu keseliň geçişi ýeňil we näsaglaryň hassahanalara ýerleşdirilmegi zerur bolmaýar.

Dünýäde pandemiýa döräli bäri ýüze çykarylan COVID-19 hadysalarynyň sany boýunça ABŞ birinji ýerde durýar. Ol ýerde bu kesel 56 milliona golaý adama ýokuşdy. Ikinji ýerde 35 milliondan gowrak hadysanyň hasaba alnan ýurdy Hindistan bolsa, üçünji orunda Braziliýa durýar. Bu ýurtda 22 milliondan gowrak adam koronawirus bilen keselledi.

Azatlygyň habarçylarynyň berýän keselçilik we ölüm habarlaryna garamazdan, Türkmenistan dünýäde hiç bir koronawirus hadysasyny resmi taýdan hasaba almadyk ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG