Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

KHŞG gatyşmalarynyň çäginde, Russiýa Gazagystana goşun iberýär


KHŞG ýolbaşçylarynyň geňeşiniň ýolbaşçylary
KHŞG ýolbaşçylarynyň geňeşiniň ýolbaşçylary

Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy (KHŞG) Nur-Soltandaky hökümetiň ýagdaýy “durnuklaşdyrmaga” kömek etmek baradaky haýyşy esasynda, ýangyç bahasynyň ýokarlanmagy bilen başlanan görlüp-eşidilmedik tolgunyşyklaryň arasynda, Gazagystana rus desantçylarynyň iberilendigini aýtdy.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýüze çykan bidüzgünçiliklerde daşary ýurtlarda tälim alan "terrorist" toparlary günäkärledi, ýöne Merkezi Aziýanyň nebite baý post-sowet ýurdunda dörän dartgynly ýagdaýň halkara baglanyşyklaryny görkezýän delil getirmedi.

Öňki sowet döwletleriniň birnäçesiniň gatnaşmagynda gurlan harby bileleşigiň, KHŞG-nyň 6-njy ýanwarda yglan eden habary goşunlaryň Gazagystanyň iň uly şäheri Almatynyň esasy meýdançasyna geçirilip başlanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Polisiýanyň metbugat wekili öten agşam şäherde onlarça “ekstremistiň”, ýerli polisiýa we hökümet binalaryna “hüjüm etmekçi bolan wagtynda” ýok edilendigini aýtdy.

Döwlet telewideniýesi öten agşam Almatydaky demonstrantlar bilen çaknyşykda 12 polisiýa işgäriniň öldürilendigini, 353 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG