Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada Gazagystana goldaw bildiren piketçiler tussag edildi


Almaty, 5-nji ýanwar, 20220.
Almaty, 5-nji ýanwar, 20220.

Moskwada Gazagystany goldamak üçin pikete çykan 10 töweregi adamy tussag etdiler diýip, "OVD-Info" tussag edilenleriň birine salgylanyp ýazýar.

Taslamanyň maglumatyna laýyklykda, tussag edilenleriň arasynda Oleg Krawçenko, Aleksandr Zimbowskiý, Ýelena Sidorenko, Iwan Solowýew, Elmar Rustamow, Aleksandr Nikolaýew dagynyň bardygy aýdylýar.

Piketçilere nähili aýyp bildirilendigi häzirlikçe mälim däl.

Ýangyç bahalarynyň birden kesgin ýokarlanmagy netijesinde Gazagystanyň günbataryndaky Žanaozen şäherinde 2-nji ýanwarda başlanan protestler 6-njy ýanwara çenli ýurduň köp bölegini gurşap aldy.

Şu aralykda KHŞG-nyň parahatçylyk güýçleri Gazagystanda öz öňlerinde goýla wezipeleri ýerine ýetirmäge başlady.

Rus goşunlaryny alyp gelen ilkinji uçar 6-njy ýanwarda irden Almaty şäherine geldi. Olaryň basym şäherde nobatçylyk çekip başlajagy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG