Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Analiz: Rus ýolbaşçylygyndaky KHŞG goşunlaryny Gazagystana çagyrmagyň netijeleri


Rus harby gullukçylary Gazagystana uççak harby uçara münýär. 6-njy ýanwar, 2022.
Rus harby gullukçylary Gazagystana uççak harby uçara münýär. 6-njy ýanwar, 2022.

Howpsuzlyk işgärleriniň demonstrantlara goşulandygy ýa-da ýaragsyzlanandygy baradaky habarlar arasynda hökümete garşy protestleriň Gazagystanyň hemme ýerinde ýaýramagy bilen, prezident Kasym-Žomart Tokaýew bu bidüzgünçilikleriň daşary ýurtlarda tälim berlen "terrorçy toparlaryň" işidigini aýtdy. Tokaýew bu bahanany Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyndan (KHŞG) kömek soramak üçin ulandy. Howpsuzlyk blogy bolsa, öz taryhynda ilkinji gezek özbaşdak ýurda goşun ibermäge razy boldy.

Birnäçe gün öň günbatardaky nebit şäheri Žanaozende ýangyç bahasynyň ýokarlanmagyna garşy başlanan kiçijik protest 5-nji ýanwarda gazaba münen mähelläniň Gazagystanyň esasy şäherleriniň we şäherçeleriniň köçelerine, meýdançalaryna çykyp, awtoritar hökümetiň içerki syýasatlaryndan nägileliklerini bildirmeklerine sebäp boldy.

Demonstrasiýalaryň giň gerim almagyndan howatyrlanan prezident Kasym-Žomart Tokaýew derrew ýangyç bahasyny arzanlatmagy, ykdysady meseleleri çözmek üçin ýörite komissiýalary döretmegi buýurdy we hökümetiň işinden çekilmegi baradaky arzasyny kabul etdi.

Emma protestler has güýçlendi we Tokaýew bolup geçýän wakalar baradaky ritorikany kesgin üýtgetmek kararyna geldi.

Protestçiler. Almaty, 5-nji ýanwar, 2022.
Protestçiler. Almaty, 5-nji ýanwar, 2022.

Protestlere jogapkär adamlar "daşary ýurtlarda ýörite tälim alan halkara terrorçylyk toparlaryndan ybarat we Gazagystana edilen hüjüme agressiýa hereketi hökmünde seretmeli" diýip, prezident telewideniýede eden çykyşynda gazak halkyna ýüzlenip aýtdy.

Şondan soň Tokaýew öňki sowet ýurtlarynyň altysynyň (Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gyrgyzystan, Täjigistan we Gazagystan) gatnaşmagynda, Orsýetiň ýolbaşçylygynda 1992-nji ýylda döredilen Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyndan kömek sorady.

Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy häzire çenli başga ýurtdaky konflikti çözmek üçin öz güýçlerini ibermändi. Emma KHŞG Tokaýew kömek soran badyna goşun ibermäge razy boldy.

Kasym-Žomart Tokaýew
Kasym-Žomart Tokaýew

Rus goşunlary 6-njy ýanwarda, gyssagly Gazagystana getirildi we KHŞG-nyň beýleki agza ýurtlaryndan hem basym has köp esgeriň getirilmegine garaşylýar.

KHŞG 2005, 2010 we 2020-nji ýyllarda Gyrgyzystanda bolan rewolýusiýalardan, 2010-njy ýylyň iýun aýynda günorta Gyrgyzystanda ýüz beren milletara zorlukdan, 2020-nji ýylyň güýzünde Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky Dagly-Garabag dawasyndan daşrakda durdy we 2021-nji ýylyň aprel aýynyň aýagynda, KHŞG-nyň goranmak resmileriniň ählisiniň şol wagt Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde duşuşýandygyna garamazdan, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasynda turan gysga serhet söweşine goşulmak ýa araçylyk etmek hem islemedi.

KHŞG düzgünnamasynyň 4-nji maddasyna laýyklykda, bu gurama diňe territoriýa ýa-da özygtyýarlylyga daşarky güýçler tarapyndan howp abanýan agza döwlete kömek etmek üçin goşun iberip bilýär.

Ýokarda agzalan we KHŞG-nyň agza ýurtlarynda bolan konfliktleriň hiç biri bu ölçege, goşun ibermek maddasyna laýyk gelmedi.

Ýöne bu gurama gatnaşyjy ýurtlaryň hiç biriniň, Gazagystan ýal, Russiýa bilen 7000 kilometr umumy araçägi ýokdy we şu sebäpden hem, Tokaýewiň daşary ýurtda tälim alan halkara "terrorçylyk toparlaryny" öz içine alýan oýlanyşykly sözlemi onuň gyssaga düşen hökümetiniň KHŞG kömegini talap etmegi üçin ýeterlik boldy.

Bu göçüm Tokaýewiň hökümetiniň häkimiýetde galmagyna kömek edip biler, emma görnüşinden, Gazagystanyň topragyna daşary ýurt goşunlarynyň getirilmegini oňlamajak gazaklar köp boljaga meňzeýär we bu ýagdaý Tokaýewiň at-abraýyna bu golaýlarda solmajak tegmil bolup ýapyşar.

Gazagystan golaýda Želtoksanyň 35 ýyllygyna gabatlanan dabaralary gurnady, şonda, 1986-njy ýylyň dekabrynda, şol wagtky sowet respublikasynyň uzak wagtlyk lideri Dinmuhamed Kunaewiň wezipesinden aýrylmagy we onuň ýerine Gazagystan Sowet Sosialistik respublikasynda hiç wagt işlemedik Gennadiý Kolbiniň ýolbaşçy bellenmegi sebäpli başlanan uly protestleri basyp ýatyrmak üçin, ýurda sowet goşunlary getirildi.

Resmi maglumatlara görä, şol wagt bolan zorlukly wakalaryň çäginde bary-ýogy birnäçe adam öldi, ýöne ol ýerde bolanlar öldürilen adamlaryň sanynyň ýüzlerçedigini we gazaklaryň bu işde Moskwany jogapkär hasaplaýandyklaryny aýdýarlar.

Tokaýewiň KHŞG goşunlaryna ýüz tutmagy bada-bat tankytlanyp başlandy.

ABŞ-nyň Gazagystandaky öňki ilçisi William Kortni (Courtney) twitterde "Gazagystanyň halky munuň korrumpirlenen zuluma garşy halk gozgalaňydygyny, daşary ýurtda tälim alýan terrorçy toparlaryň "agressiýa hereketi"däldigini bilýär" diýip ýazdy.

Kortni başga bir twitinde "Russiýanyň Gazagystana harby goşulyşmagy onuň halkyny özünden daşlaşdyrjaga çalym edýär. Olar öz ýurdunyň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny arzylamak üçin geldi" we bu "gatyşma iki goňşyň arasyndaky otuz ýyllyk dostlukly gatnaşyklara zyýan ýetirip biler" diýdi.

Harward uniwersitetiniň Dawis merkeziniň rus we ýewraziýa barlaglary bölüminde işleýän gazagystanly Nargis Kassenowa Tokaýewiň KHŞG-a kömek sorap ýüz tutmagynyň onuň "legitimlik gazanmak mümkinçiligini pese gaçyrjak" "aýylganç bir karar bolandygyny" aýtdy.

Bu ýagdaýlara has-da ünsi çekjek bolýan ýaly, Tokaýew KHŞG-nyň goşulyşmagyny sorandygyny mälim edeninden soň, RT-iň baş redaktory Margarita Simonýan twitterde "Elbetde, biz kömek etmeli. Biz hökman kömek etmeli. Emma bu ýerde birnäçe şert goýulmaly - (rus territoriýasy hökmünde) Krymy ykrar et, kiril elipbiýini yzyna getir, rus dilini, Gyrgyzystanda bolşy ýaly, ikinji döwlet dili et... "

Gyrgyzystan KHŞG-nyň agzasy we şu wagta çenli Gazagystan üçin "parahatçylygy goraýyş güýçleri" diýilýäne nähilem bolsa bir goşant goşjakdygyny mälim etmedik ýeke-täk ýurt.

6-njy ýanwarda bu mesele gyrgyz mejlisinde gyzgalaňly jedele sebäp boldy.
Bir wagtlar Gyrgyzystanyň Kommunistik partiýasyna ýolbaşçylyk eden deputat Ishak Masaliýew Gyrgyzystanyň goşunlaryny Gazagystana ibermek pikirine düýpgöter garşy bolandygyny aýtdy.

"Bu guramanyň (KHŞG) manysyna we jogapkärçiligine meniň düşünşimçe, harbylar diňe bir ýagdaýda, ol ýa-da beýleki agza döwlete daşarky howp abanýan ýagdaýynda ulanylyp bilner" diýip, ol aýtdy.

Gyrgyz syýasy analitigi Aida Alymbaewa bolsa, Tokaýewiň öz hökümetini goldamak üçin KHŞG-ny çagyrmak baradaky kararynyň Merkezi Aziýanyň awtoritar liderleri üçin bir ýörelge, "görelde alarlyk çykalga döredýändigini" aýtdy.

Gyrgyzystanyň mejlisiniň daş işiginde hatda deputatlary Gazagystana esger ibermegi goldamazlyga çagyrýan demonstrantlaram toplandy.

Ýeterlik kworum bolmansoň, bu mesele boýunça ses berişlik yza süýşürildi, ýöne deputatlar belli bir karara gelmek üçin 7-nji ýanwarda gaýtadan jemlenmeli.

Klara Sooronkulowa
Klara Sooronkulowa

"Reforma" partiýasynyň lideri Klara Sooronkulowanyň aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň tarapdar bolmagy sebäpli, deputatlar goşun ibirilmegini gutulgusyz tassyklamaly bolar. Parlamentde hökümete tarapdar deputatlar köp bolansoň, halk deputatlarynyň köplüginiň bu teklibi goldajakdygy belli zat diýip, ol aýtdy.

Emma Sooronkulowa Gazagystana häzirki ýagdaýda haýsam bolsa bir daşary ýurt goşunynyň getirilmeginiň zerurlygyna ynamsyz garaýar.

"Tokaýew ol adamlaryň terroristdigini aýdýar, ýöne bu dogry däl" diýip, Sooronkulowa aýtdy.

"Eger olar terrorist bolsa, [gazak] harby bölümleriniň agzalary näme üçin olaryň tarapyna geçýär?"

Habar berilmegine görä, Russiýa Gazagystana 3 müň esger, Belarus 500 töweregi, Täjigistan 200 we Ermenistan 70 esger iberýär, Gyrgyzystan bu meseledäki kararyna 7-nji ýanwarda geler.

Rus we gazak resmileriniň aýtmaklaryna görä, KHŞG goşunlary strategiki desgalary goramak üçin ulanylar, Gazagystanyň häkimiýetleriniň "terrorçylyga garşy" operasiýa diýýänine gatnaşmaz.

Emma Gazagystanyň içindäkileriň we daşyndakylaryň köpüsi ýurtda daşary ýurt goşunlarynyň ýerleşdirilmegine onuň özygtyýarlylygynyň gurban berilmegi we Tokaýew hökümetiniň gowşaklygynyň alamaty hökmünde sereder.

Mundan başga, bu ýagdaý Orsýetiň islän wagty öz eden kömegini ýatladyp, Kremliň ondan nähili ygrarlylyga garaşýandygyny aýdyp bilmegine mümkinçilik berer hem-de ýurduň gelejegine täsir eder.

XS
SM
MD
LG