Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tokaýew hukuk goraýjy edaralara durduryşsyz 'atmak' buýrugyny berendigini aýtdy 


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa döwletinde bäş gün ozal energiýa bahalarynyň ýokarlanmagy bilen başlanan görlüp-eşidilmedik protestler sebäpli hukuk goraýjy edaralara "atyp öldürmek" buýrugyny berendigini aýtdy.

Tokaýew milli telewideniýede göni ýaýlymda eden çykyşynda howpsuzlyk işgärlerine, mundan beýläkki bidüzgünçilikleriň öňüni almak üçin, duýduryş bermezden ot açmagy buýrandygyny we tabyn bolmadyklaryň "ýok ediljekdigini" aýtdy.

"Men hukuk goraýjy edaralara we ýaragly güýçlere duýduryş bermezden atyp öldürmek barada buýruk berdim" diýip, ol öz ýüzlenmesinde aýtdy.

Ýurduň günbatar Mangystau sebitinde kesgitli ýangyç (LPG) bahalarynyň iki esse ýokarlanmagy sebäpli başlan protestler soňra berk gözegçilikde saklanýan ýurtda giň goldaw tapdy we syýasy özgertmeler baradaky talaplara ösüp geçdi.

Tokaýew zorlukly wakalaryň ýüze çykmagynda daşary ýurtda tälim alan "terrorist" toparlary günäkärledi, ýöne bu aýyplamany tassyklaýan hiç hili subutnama getirmedi.

Ol öz ýüzlenmesinde hökümetiň "jenaýatçylar we ganhorlar" bilen gepleşik geçirmeginiň "manysyz" boljakdygyny aýtdy.

Içeri işler ministrligi demonstrasiýalarda 26 sany "ýaragly jenaýatçynyň" ýok edilendigini we 3000-den gowrak adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Mundan başga, bulam-bujarlykda 18 polisiýa we milli gorag gullukçysy öldürildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG