Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýanyň ilaty on ýylda 11,5% azaldy


Ilat ýazuwynyň deslapky netijelerine görä, soňky on ýylda Bolgariýanyň ilaty 11,5 göterim azaldy.

Milli statistika institutynyň 6-njy ýanwarda çap eden maglumatynda aýdylmagyna görä, ýurduň ilaty 7,3 milliondan 6,5 million adama çenli azaldy.

Bu ýurduň ilat sanynyň on ýyl öňki döwür bilen deňeşdirilende 844 müňden gowrak azalandygyny görkezýär.

Hünärmenler Bolgariýanyň demografiki peselişini çaga dogulmagynyň derejesiniň peselmegi, ölüm derejesiniň ýokary bolmagy, ilatyň garramagy, önelgeliligiň azalmagy we ÝB-niň iň garyp ýurdundan göçüp gidýän adamlaryň sanynyň köpelmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Adamlaryň sany diňe paýtagt Sofiýada köpeldi. Ýurduň beýleki künjekleriniň ählisinde ilat sanynyň azalandygy belli boldy, demirgazyk-günbatar Widin we Montana welaýatlarynda we demirgazyk-gündogar Dobritç welaýatynda ilat 26% azaldy.

Milli statistika instituty 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ilat ýazuwynyň soňky, doly netijeleriniň çykarylmagyna garaşýar.

Ýurtda mundan öňki ilat ýazuwy 2011-nji ýylda geçirildi.

XS
SM
MD
LG