Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ženewa gepleşikleriniň öňüsyrasyndaky ABŞ yşaratlaryndan “lapykeç” bolýar


Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow
Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow

Rus resmileri 9-njy ýanwarda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek gepleşikleriň öňüsyrasynda Waşingtonyň we Brýusseliň eden yşaratlaryndan "lapykeç" bolandyklaryny aýtdylar.

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Moskwanyň bu gepleşiklere umytly garamaýandygyny, sebäbi Birleşen Ştatlaryň Russiýadan birtaraply eglişikleri talap edýändigini aýtdy.

Ak tamyň resmileri amerikan we rus diplomatlarynyň 10-njy ýanwarda boljak "esasy duşuşyklaryny" geçirmezlerinden ozal, belki-de, 9-njy ýanwar agşamy Ženewada "başlangyç gepleşik" geçirjegini aýdýarlar.

Ženewada geçiriljek “Strategiki we howpsuzlyk gepleşiklerinden” soň, 12-nji ýanwarda Russiýa bilen NATO agzalarynyň maslahaty geçiriler. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Wenadaky duşuşygy bolsa, 13-nji ýanwarda geçiriler. ÝHHG-a ABŞ, Ukraina we Russiýa hem girýär.

Duşuşyklar tapgyry Ukrainanyň serhediniň golaýynda rus goşunlarynyň ýerleşdirilmegi netijesinde ençeme hepde dowam eden gapma-garşylykdan soň mümkin soň boldy. Rus harby güýçleriniň serhet ýakasynda toplanmagy Moskwanyň Ukraina ýene hüjüm etmäge taýýarlanýan bolmagy baradaky alada-ünjileri güýçlendirdi.

Ak tamyň ýokary derejeli resmisi 8-nji ýanwarda Waşingtonda žurnalistlere "bu gepleşiklerde hiç bir berk borçnama bolmaz" diýdi. Ýöne bu resmi ABŞ resmileriniň bu gepleşikler arkaly "iň bolmanda ruslar bilen öňegidişlik gazanmak mümkinçiligini öwrenip bileris" diýip pikir edýändiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG