Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran sapary tamamlanan Serdar Berdimuhamedow Özbegistana sapar eder


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän hökümet başlygynyň orunbasary we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistana sapar eder. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Has ozal, 8-9-njy ýanwarda wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň hem-de wise-premýer we daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýrana sapar etdi.

Saparyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi tarapyndan kabul edildi.

Resmi metbugat saparlaryň dowamynda ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleriniň maslahat edilýändigini habar berýär.

Hususan-da soňky aýlarda Serdar Berdimuhamedowyň welaýatlara we daşary ýurt döwletlerine amala aşyrýan saparlary ýygjamlaşdy.

Meýilleşdirilýän Özbegistan saparyndan ozal, Eýrana sapar eden wise-premýer dekabryň ahyrky günlerinde ýurduň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryna sapar edip, sebit bazarlaryna baryp gördi.

Ýerli synçylar Serdar Berdimuhamedowyň barha köp syýasy sahna aralaşmagyna ýurtda amala aşyrylmagy ahmal häkimiýet çalşygynyň taýýarlyk alamatlary hökmünde garaýarlar.

XS
SM
MD
LG