Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda saklanan we ölen gyrgyzystanlylar barada nämeler mälim?


Almaty şäheri bolup geçen protestlerden soň
Almaty şäheri bolup geçen protestlerden soň

Birnäçe günläp Gazagystanda galan gyrgyzystanlylar bilen aragatnaşygyň doly bolmazlygyndan soň, internetiň petiklenmeginiň we beýleki aragatnaşyk kanallarynyň işiniň kesilmeginiň fonunda, käbirleriniň ykbaly barada maglumatlar peýda bolup başlady. Gazagystanyň döwlet telewideniýesi tarapyndan "şübheli şahs" hökmünde görkezilen Gyrgyzystandan bolan pianinoçy Wikram Ruzahunow watanyna gaýdyp geldi. Gyrgyzystanyň azyndan iki graždanynyň ölümi mälim. Ýene bäş adam tussaglykda saklanýar. Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy ol adamlar hakda gürrüň berýär.

ÝOGALAN GYRGYZYSTANLYLAR BARADA NÄMELER MÄLIM?

Gazagystanda bolan bidüzgünçiliklerde ölenleriň arasynda, iki gyrgyz raýaty hem bar, ol maglumatlar 10-njy ýanwarda resmi taýdan tassyklandy. Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, ölenleriň biri, 33 ýaşly Azis Musaýew 7-nji ýanwarda atylan okdan ýaralanypdyr. Soňky ýyllarda ol Almatyda fitnes tälimçisi bolup işledi.

Aziz Musaýew
Aziz Musaýew

Gyrgyzystanyň Gazagystandaky ilçisi Dastan Duýşekeýewiň Azatlyk Radiosyna beren interwýusyna görä, onuň jesedini watanyna eltmek üçin, taýýarlyk işleri barýar: “Ol iş Baş konsullyk tarapyndan alnyp barylýar. Merhumyň niredendigini anyklandy, onuň hossarlaryny Almaty şäherine getirmäge razylyk alyndy. Şeýle hem jesedi Gyrgyzystana aşyrmak üçin işler edilýär" diýip, ilçi aýtdy.

Ilçi pida bolanlar baradaky maglumatlaryň aýdyňlaşdyrylýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy. Bu ýerde gürrüň Gazagystanyň hukuk goraýjy guramalary tarapyndan tussag edilen gyrgyzystanlylar hakda barýar.

10-njy ýanwar agşamy Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komiteti başga bir gyrgyz graždaniniň ölendigini habar berdi. Ol barada beýleki jikme-jiklikler entek belli däl.

WIKRAM RUZAHUNOW AZATLYGA ÇYKDY

Gazagystanyň döwlet telekanaly öz habarlarynda pianinoçy Wikram Ruzahunowy bidüzgünçiliklere gatnaşan hökmünde görkezdi. Tizara onuň bidüzgünçilikler bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugy belli boldy. Diplomatlar 10-njy ýanwarda Almaty şäher Karasaý etrap polisiýa merkezinde saklanýan sazanda bilen duşuşdy. Şondan soňra ony boşatdylar.

Bu maglumatlary Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň konsullyk gullugynyň başlygy Almaz Imangazyýew Azatlyk Radiosyna tassyklady: “Baş konsul Nazarali Aripowyň ýolbaşçylygyndaky biziň Almatydaky diplomatlarymyz hem-de Içeri işler ministrliginiň wekilleri Ruzahunowyň saklanýan ýerine baryp, onuň bilen duşuşdylar. Şondan soň ony boşatdylar we ol Bişkek şäherine gaýtdy" diýdi.

Wikram Ruzahunow Almatyda saklanandan soň. Gazak telewideniýesinden skrinşot
Wikram Ruzahunow Almatyda saklanandan soň. Gazak telewideniýesinden skrinşot

Ol wideo 9-njy ýanwarda “Qazaqstan Ұлттық Телеарнасы” kanaly tarapyndan görkezildi. Ruzahunowyň ýüzünde gök tegmiller, gan öýme we beýleki şikesler görünýärdi. Ruzahunow "işsizdigini we proteste ýörişe gatnaşmak üçin, Gyrgyzystandan Gazagystana gelendigini" boýun alýar. Gyrgyzystanlylar bolsa bu adamy ýurtda meşhur sazanda hökmünde tanaýarlar. Ýakyndan tanaýan adamlar sazandany "boýun almaga" mejbur edendiklerine ynanýarlar. Raýat jemgyýetçiligi we döredijilik toparynyň wekilleri muňa nägileligini bildirdiler we Gazagystanyň Bişkekdäki ilçihanasynyň öňünde, nägilelik aksiýasyny geçirdiler. Daşary işler ministrligi goňşy ýurda närazylyk hatyny gowşurdy.

Netijede, Gazagystanyň döwlet telewideniýesi Ruzahunowyň wideosyny aýyrdy. Bolan waka barada resmi düşündirişler häzire çenli berilmedi.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew sazandanyň boşadylmagyny "raýat jemgyýetiniň, häkimiýetleriň, Daşary işler ministrliginiň we hukuk goraýjy guramalaryň işiniň netijesi" diýip hasaplady.

BÄŞ SANY GYRGYZYSTANLY TUSSAG ASTYNDA

Wikram Ruzahunowyň boşadylmagy bilen birlikde, Gazagystanda bolup geçen soňky wakalar bilen baglanyşykly Gyrgyzystanyň ýene bäş raýatynyň tussag edilendigi mälim boldy. Şeýle hem Şymkentde birnäçe ýyl bäri şol ýerde ýaşaýan 38 ýaşly gyrgyzystanly tussag edilipdir. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi onuň boşadylandygyny habar berdi.

Tussag edilenleriň biriniň – 23 ýaşly Baýaly Torogeldiýewanyň polisiýa işgärleri tarapyndan urlup-ýenjilendigini onuň aýal dogany Žypara Turdugulowa gürrüň berdi: “Biziň gelnimiz onuň öýlerine gije sagat 2 töweregi gelendigini aýtdy. Ony gaty urup-ýenjipdirler. Polisiýa işgärleri ony dürre bilen urupdyr, pullaryny alypdyrlar, ulagynyň tigirlerini deşipdirler. Onuň dokumentlerini yzyna bermän, "ýene soraga gelersiň" diýipdirler. Onuň bilen başga-da köp gyrgyzystanly saklanypdyr. Olar gorkýarlar, şonuň üçinem başgalar hakda gürlemeýärler" diýdi.

Şeýle hem geçen wakalar göz öňünde tutulyp, Almaty we Şymkentde ýaşaýan Gyrgyzystanyň graždanlaryna degişlilikde negatiw garaýşyň ýokarlanandygy aýdylýar hem olara garşy barlaglar geçirilýär. Bu barada şäherlerde ýaşaýan gyrgyzlar aýdýarlar. Adynyň efirde tutulmazlygyny isleýän gyrgyzystanlylaryň biriniň sözüne görä, soňky günlerde gyrgyzlar öz howpsuzlygy üçin gorkýarlar.

“Hakykatdan-da, ýagdaý gaty agyr. Käbirleri bilen gürleşseň, "hemme zady gyrgyzlar etdi, gyrgyzlar bar zady ýok etdi" diýýänler bar. Bu gaty güýçli täsir edýär. Biz öz howpsuzlygymyz üçin gorkýarys" diýip, ol gürrüň berýär.

Žokorku Keneşiň deputaty Žanar Akaýew Gazagystandaky gyrgyzystanlylaryň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy meselesine ünsi çekdi. Ol döwlet edaralaryny goňşy döwletdäki graždanlary goramaga çagyrdy.

“Biziň graždanlarymyz başga döwletiň içerki syýasy wakalaryna, bidüzgünçiliklere we talaňçylyklara gatnaşmaýarlar. Olar diňe öz işleri bilen meşgullanýarlar. Gyrgyzystanda bolan soňky döwlet agdarylyşygynda ýekeje dükan hem talanmady. Goňşy döwletiň degişli edaralary prowokasiýa hereketlerinden daşda bolmaly! Muny Wikram Ruzahunowyň mysaly subut etdi. Ol meşhur sazanda bolany üçin, jemgyýetiň üns merkezinde bolup, häkimiýetlerimiziň gyssagly çäreleriniň kömegi bilen boşadyldy. Häzir biz Wikram ýaly esassyz günäkärlenýän her bir graždany goramaga borçly" diýip, halk deputaty aýtdy.

Gazagystanda tussag edilen gyrgyzystanlylaryň meselesi KHŞG agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň onlaýn duşuşygynda hem gozgaldy. Prezident Sadyr Žaparowyň ýerine Gyrgyzystandan gatnaşan Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparow Gazagystandaky bidüzgünçiliklere gatnaşmakda güman edilýän Gyrgyzystanyň graždanlary babatynda, obýektiw derňewlere umyt bildirýändigini mälim etdi.

Akylbek Žaparow
Akylbek Žaparow

“Soňky wagtlarda köpçülikleýin habar serişdelerinde we sosial ulgamlarda daşary ýurt graždanlary, şol sanda Gyrgyzystanyň graždanlary bilen baglanyşykly ýykyp-ýumurmak hem bidüzgünçiliklere gatnaşmak barada maglumatlaryň ýaýrandygyny belläsim gelýär. Şol sebäpli, haýyşymy bildirmäge rugsat ediň; tassyklanan her bir iş üçin, biziň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamalarymyza berk laýyklykda, Gazagystan Respublikasynyň kanunçylygynyň çäginde, açyk we adalatly derňew geçiriljekdigine umyt edýärin" diýip, Akylbek Žaparow öz çykyşynda belläp geçdi.

Ondan öň Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Kamçýbek Taşiýew Gazagystanyň häkimiýetlerini "soňky wakalary derňemekde ritorikany “üýtgetmäge" çagyrdy we "gyrgyz halkyny terrorçylykda nädogry aýyplaýarlar" diýdi.

Mundan ozal Gazagystanyň polisiýasy goňşy ýurtlaryň graždanlarynyň ýykyp-ýumurmak we bidüzgünçilik işlerine gatnaşmakda güman edilip tussag edilendigi barada habar beripdi, ýöne olaryň haýsy döwletden bolandygy takyk belli edilmändi.

Öz gezeginde, Daşary işler ministrligi Gazagystandaky gyrgyzystanlylaryň hukuklaryny goramak boýunça işleriň güýçlendiriljekdigini habar berdi. Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, soňky günlerde olara müňden gowrak arza gelip gowşupdyr, häzir ilçihananyň işgärleri olaryň üstünde işleýärler. Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň graždanlaryny goňşy döwletden yzyna gaýtarmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy resmi taýdan tassyklandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG