Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki gepleşikler ‘çapraz’ pozisiýalarda gutaransoň, ýygnakda ýene rus-ukrain dartgynlygy maslahatlaşylar


Maýkl Karpenter, ABŞ-nyň Ýewropadaky howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň hemişelik wekili
Maýkl Karpenter, ABŞ-nyň Ýewropadaky howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň hemişelik wekili

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) hemişelik geňeşiniň Wenadaky ýygnagynyň başlanmagy bilen, 13-nji ýanwarda Russiýanyň Ukraina bilen serhediniň golaýynda barha kän goşun toplamagy netijesinde dörän dartgynlygy aradan aýyrmaga gönükdirilen gepleşikleriň üçünji tapgyry geçirilýär.

Moskwa bilen Waşington Ýewropanyň howpsuzlygy meselesindäki garaýyşlarynyň bir-biriniňkiden “düýpli” tapawutlanýandygyny eýýäm, şu hepdäniň başynda Ženewada we Brýusselde geçirilen dartgynly gepleşiklerde hem görkezmäge ýetişdiler we, ABŞ-nyň ÝHHG-daky ilçisiniň aýtmagyna görä, 13-nji ýanwarda boljak gepleşiklerde hem üýtgeşik ilerleme bolmagyna garaşylmaýar.

ABŞ-nyň Ýewropadaky howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň hemişelik wekili Maýkl Karpenter bu gepleşiklerden haýsydyr bir anyk netije bolar diýip pikir etmeýändigini aýtdy.

"Hawa, biziň pozisiýalarymyz çapraz, ýöne bu biziň ylalaşyp bilmejek elementlerimiziň we ugurlarymyzyň ýokdugyny aňlatmaýar" diýip, ol Orsýetiň “Dožd” telekanaly bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu ýerde wezipe “ýakyn birnäçe aýyň içinde ýa-da bir ýylda umuman bu meselede haýsy görnüşdäki dialogy çuňlaşdyryp boljakdygyny kesgitlemekden ybarat”.

ÝHHG-nyň häzirki ýygnagy bu ýyldaky ilkinji duşuşygy bolar we oňa 57 agza döwletiň hemmesi gatnaşar. Bu günbatarlylaryň rus goşunynyň serhet ýakasynda toplanmagy baradaky aýyplamalary bilen utgaşan agyr diplomatiýa hepdesinde geçirilen soňky ýygnak bolar.

XS
SM
MD
LG