Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Gazagystanda demonstrantlara garşy güýç ulanylmagyny derňemäge çagyrýar


Almaty, 5-nji ýanwar, 2022.
Almaty, 5-nji ýanwar, 2022.

BMG-niň adam hukuklary boýunça hünärmenleri Gazagystanda “demonstrantlara garşy çäklendirilmedik güýç ulanylmagyny”, şol sanda “ölüm ýaraglarynyň ulanylmagyny” berk ýazgardylar we bu işleriň garaşsyz derňelmeginiň üpjün edilmegini talap etdiler.

Terrorçylyga garşy göreş wagtynda adam hukuklarynyň goralmagyny höweslendirmek boýunça ýörite hasabatçy Fionnuala Ni Aolain demonstrantlara, raýat jemgyýetiniň aktiwistlerine, adam hukuklaryny goraýjylara, žurnalistlere we syýasy partiýalara garşy 'terrorist' adalgasynyň giňden ulanylandygyny belledi we munuň “jemgyýetde gorky döretmäge gönükdirilen bolmagynyň ahmaldygyny” öňe sürdi. Ol bu ýagdaýyň “çynlakaý alada döredýändigini” hem sözüne goşdy.

BMG-niň beýleki adam hukuklary hünärmenleri bolsa, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň howpsuzlyk işgärlerine "garakçylar we terroristler" diýip atlandyran demonstrantlaryny “göni oka tutmagy” buýurmagyndan alada bildirdiler.

BMG-niň adam hukuklary boýunça hünärmenleri Gazagystanda hökümetiň demonstrantlara garşy güýç ulanmagynyň doly we töwerekleýin, “adam hukuklaryna esaslanýan garaşsyz derňewde derňelmeginiň” üpjün edilmegine çagyrdylar.

BMG hünärmenleri ölüm ýaraglaryny ulanmagyň diňe goranmak ýagdaýynda we beýleki usullar gutaran halatynda, başga çäre bolmadyk wagtynda mümkindigini ýatlatdylar.

Hünärmenleriň bellemegine görä, bu ýörelge häzir bu ýurduň häkimiýetleriniň razyçylygy bilen Gazagystanyň çäginde hereket edýän daşary ýurt güýçlerine hem deň derejede degişli bolup durýar. Bu ýerde gürrüň, Tokaýewiň aýtmagyna görä, ýurtdaky missiýasy tamamlanan Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň Gazagystana getirilen goşunlary barada barýar.

XS
SM
MD
LG