Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek we rus prezidentleri Merkezi Aziýanyň ýagdaýy barada pikir alyşdy 


Özbegistanyň we Russiýanyň prezidentleri Şawkat Mirziýoýew bilen Wladimir Putin telefonda gürleşdi.
Özbegistanyň we Russiýanyň prezidentleri Şawkat Mirziýoýew bilen Wladimir Putin telefonda gürleşdi.

Özbegistanyň we Russiýanyň prezidentleri Şawkat Mirziýoýew bilen Wladimir Putin 13-nji ýanwarda telefonda gürleşdi.

Döwlet baştutanynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar Özbegistan-Russiýa gatnaşyklarynyň ýagdaýy we strategiki hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

2021-nji ýylyň jemleri boýunça söwda dolanyşygynyň 33% ýokarlanandygy bellenildi. Gatnaşyklar sebitara formatda, medeni we gumanitar ugurda we beýleki ugurlarda işjeň ösýär diýip, habarda aýdylýar.

Prezidentler Özbegistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler tapgyryny geçirmegiň möhümdigini aýtdylar.

Şeýle-de, Gazagystanda bolup geçen soňky wakalary göz öňünde tutup, Merkezi Aziýanyň ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

Döwlet baştutanlary Gazagystanyň ýolbaşçylarynyň parahatçylygy we asudalygy dikeltmek, ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin görýän çärelerini goldaýandyklaryny mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG