Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

KHŞG ýurtlarynyň goranmak ministrleri Gazagystandan goşun çykarmak kararyna gol çekdi


Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy (KHŞG) ýurtlarynyň goranmak ministrleri Gazagystanyň çägine getirilen daşary ýurt goşun bölümlerini çykarmak baradaky ylalaşyga gol çekdi diýip, Orsýetiň RBK neşiri KHŞG-nyň sekretariatyna salgylanyp habar berdi.

"Goranmak ministrlikleriniň baştutanlary KHŞG-nyň goranmak ministrleriniň Geňeşiniň bilelikdäki kararyna, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň agza döwletleriniň Gazagystan Respublikasynyň çäginde ýerleşdirilen goşun bölümleriniň hemişelik ýerleşen nokatlaryna gaýdyp gelmegini guramak barada bilelikdäki karara gol çekdiler" sekretariatda aýtdylar.

"Interfaksyň" Russiýanyň Goranmak ministrligine salgylanyp ýazmagyna görä, KHŞG-nyň çäkli goşun bölümleriniň hatarynda Gazagystana getirilen rus desantçylarynyň ilkinji bölümleri ýurtdan çykyp başlady.

Dört sany Il-76 harby transport uçary rus harby bölümlerini Almatydan Iwanowo sebitindäki hemişelik nokadyna getirýär diýip, habarda aýdylýar.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň sözlerine görä, KHŞG güýçlerini Gazagystandan çykarmak boýunça 13-nji ýanwarda başlanan işler 19-njy ýanwarda, goşun bölümleriniň öz hemişelik ýerleşýän ýerlerine dolanyp gelmegi bilen tamamlanar. Ol muny Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygynda mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG