Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ resmisi Waşington Russiýa-Ukraina krizisinde “islendik ýagdaýa taýyn” diýýär


ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Sulliwan
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Sulliwan

Milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Sulliwan bolup biljek konfliktiň aladalaryny azaldyp bilmedik gepleşiklerden soň, Moskwanyň ukrain serhediniň alkymynda goşun toplamagy netijesinde dörän krizis sebäpli, Orsýet bilen gapma-garşylykda geljekde ädiljek ädimleri aýan etdi.

Sulliwan CBS telewideniýesine beren interwýusynda Waşingtonyň “her hili ýagdaýa taýýardygyny” aýtdy.

"Biz öz ýaranlarymyz we hyzmatdaşlarymyz, şol sanda ukrainler bilen ýakyn aragatnaşykda" diýip, prezident Jo Baýdeniň baş geňeşçisi Sulliwan CBS telekanalyna beren interwýusynda nygtady.

"Biz indiki ädiljek ädimleri ýakyndan utgaşdyrýarys. Geljek hepdäniň başynda bizde indiki diplomatiýa ädimleri babatynda paýlaşyp boljak has köp maglumat bolar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Ýöne bu ýerde esasy mesele biziň her hili ýagdaýa taýyn bolmagymyzdadyr. Eger-de Russiýa diplomatiýa ýykgyn etmek islese, biz öz ýaranlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde muňa doly taýyn".

Birleşen Ştatlar Russiýanyň Ukraina bilen serhet ýakasynda 100 000 töweregi esger toplandygyny aýdýar we Moskwany hüjüm etmek üçin "bahana" edinmek synanyşygynda aýyplaýar.

"Eger-de Russiýa çozmak we eskalasiýa ýolundan gitmek islese, biz muňa-da berk gaýtawul bermäge taýyn" diýip, Sulliwan aýtdy.

XS
SM
MD
LG