Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Nursoltan". Gazagystanda köp zat: dag depesinden uniwersitete çenli ilkinji prezidentiň adyny göterýär


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz ýüzlenmeleriniň birinde, Nazarbaýewiň gyzy bilen baglanyşykly kompaniýanyň işini togtatmagy tabşyrdy. Ol galyndy-zyňyndylary ýygnamak üçin pul toplaýan monopoliýa firmasydy. Ýerli žurnalistleriň maglumatyna görä, resmiler Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultany atlandyrmagy bes edipdirler, resmi habarlarda bolsa diňe "paýtagt" diýlip aýdýarlar.

Şeýle-de bolsa, Nazarbaýewiň ady Gazagystanyň bar ýerinde eşidilýär. Köpler muny ilkinji prezidentiň şahsyýet kulty diýip atlandyrýarlar.

  • Iki ýyl mundan öň Nazarbaýewiň hormatyna Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan diýlip üýtgedildi.
  • Nur-Sultanyň aeroporty hem-de demir ýol menzili hem onuň adyny göterýär.
  • Ýurtduň azyndan 14 köçesi we şaýoly Nazarbaýew adynda. Olary Almatyda, Şymkentde, Garagandada hem Aktöbede tapyp bolýar. Olar diňe Gazagystanda hem däl, Türkiýede we Ýordaniýada onuň adyny göterýän köçeler bar.
  • Tatarystanyň paýtagty Gazan şäherinde hem Nazarbaýew köçesi bar. Ýogsa şäher kanunlaryna laýyklykda, şäheriň bir ýerine diri adamlaryň adyny dakmak gadagan.
  • Gazagystanda Nazarbaýewiň köp sanly relýef şekilleri hem býust heýkelleri bar. Oňa alty sany uly ýadygärlik dikildi. Protestler wagtynda olaryň biri – beýikligi 9 metre golaý bürünçden guýlan heýkel ýykyldy. Ýene bäş sanysy galdy. Ýöne galanlaryny-da aýyrmaly, hatda paýtagtyň adyny Astana üýtgetmeli diýen teklipler ýaňlanýar.
Protestler wagtynda Nursoltan Nazarbaýewiň Taldykorgan şäherindäki ýykylan ýadygärligi
Protestler wagtynda Nursoltan Nazarbaýewiň Taldykorgan şäherindäki ýykylan ýadygärligi
  • Nazarbaýewiň heýkeli Ukrainada hem bar – Kamensk ýörite tehniki mekdebinde. On ýyl mundan ozal Žanaözendäki proteste çykanlar atylandan soň, ol ýadygärlige boýag guýuldy.
  • Gazagystandaky protestler suwuklandyrylan gazyň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli 2-nji ýanwarda başlandy. Proteste çykanlar: "Şal, git!" (“Garry, git!”) diýip gygyryşdylar.
  • Ýurduň günortasynda nebit-gaz ýataklarynyň biri hem Nursoltan adyny göterýär.
  • Gazagystanda ilkinji prezidentiň adyny göterýän dag belentligi bar. Nursoltan dag gerşi deňiz derejesinden 4330 metr belentlige ýetýär. Öň oňa Komsomol belentligi diýilýärdi.
  • Nazarbaýewiň portreti milli puluň – on müňlük tengeniň ýüzünde.
  • Onuň adynyň "Nur" bölegini köp ýerden görüp bolýar; ol metjitleriň, banklaryň we hatda ýurdy dolandyryjy Nur Otan partiýasynyň (Otan (Watan) partiýasynyň ady 2006-njy ýylda, Nur Otan diýip atlandyrypdy) adynda hem bar.
  • Köp bilim edaralaryna Nazarbaýewiň ady dakyldy. Ýurduň ähli ýerinde 20-den gowrak “Nazarbaýew intellektual mekdebi” açyldy. Paýtagtda bolsa eýýäm 10 ýyl bäri Nazarbaýew uniwersiteti işleýär.
  • Mekdeplerde "Milletiň lideri" mowzugy boýunça sapaklar geçilýär. Okuw gollanmalarynda zerur edebiýat hökmünde “Edil Nazarbaýew ýaly bol! Çagalar üçin prezidentiň çagalygy hakda hekaýalar” diýen kitap ulanylýar. Okuw kitaplarynda, esasanam prezidentlikden çekilmezinden ozalky neşir edilen kitaplarda, onuň döwleti dolandyryşyna ýokary baha berilýär.
  • Nazarbaýewiň goşgulary aýdyma öwrülýär.
  • Her ýylyň 1-nji dekabrynda Gazagystan respublikanyň ilkinji prezidentiniň güni bellenýär.
  • Ýene bir baýramçylyk – Paýtagtyň güni – ol ýurduň ilkinji prezidentiniň doglan gününe gabat gelýär.
  • Nur-Sultan şäheriniň iň köp myhmanly ýerinde, syýasatçynyň penje yzy bar. Aýdylýan gürrüňe görä, oňa eliňi goýup, öz islegiňi aýtmaly. Garaz, "Astana Nur-Sultanyň öwrülenden soň, nähili owadan bolupdyr".
  • Ýaponlar Nazarbaýew üçin dürli hrizantemalary, Gollandiýada bolsa çigildemleri ösdürip ýetişdirdiler.

  • Nazarbaýew "Elbasy" adyny göterýär – halkyň lideri hem milletiň atasy. Bu ony islendik kazyýet derňewinden goraýar hem emläginiň eldegrilmezligini kepillendirýär. Nazarbaýewiň özi-de, maşgala agzalary-da kazyýet jogapkärçiligine çekilip bilinmez.

Nursoltan Nazarbaýewiň özi 2021-nji ýylyň 28-nji dekabryndan bäri köpçülige çykmady. Ol, adatça, möhüm meseleler boýunça halka ýüzlenýän hem bolsa, ýurtda bolup geçýän giň gerimli protestler barada teswir bermedi. Oppozisiýa metbugatynda we sosial ulgamlarda onuň keseldigi we hatda ölümi baradaky myş-myşlar ýaýrady. Käbir habar serişdeleri onuň we maşgalasynyň Gazagystandan gaçandygyny habar berdiler. Nähili-de bolsa, bu maglumatlara resmi taýdan tassyklama ýok.

Öňki prezidentiň metbugat sekretary Nursoltan Nazarbaýewiň Gazagystany terk etmändigini we häzirki wagtda paýtagtda bolýandygyny öňe sürdi. Nazarbaýewiň uly gyzy Dariga Gazagystanyň Mejlisiniň (parlamentiň aşaky palatasy) eýýäm iki ýygnagyna gatnaşmady, onuň kömekçileri muny koronawirusa ýokaşandygy bilen düşündirdiler.

13-nji ýanwarda Nazarbaýewiň kiçi gyzy Aliýa Nazarbaýewa Gazagystanda bolup geçen köpçülikleýin protestler barada ilkinji gezek teswir ýazyp, ony sosial ulgamda ýerleşdirdi. Aliýa dörän ýagdaýy "pajygaly waka" diýip atlandyrdy we ölenleriň maşgalalaryna gynanç bildirdi. Soň onuň ähli ýazgylary we hasaplary öçürildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG