Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus wehiminiň güýçlenen wagtynda ABŞ-nyň baş diplomaty Ukraina geldi


Entoni Blinken
Entoni Blinken

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken 19-njy ýanwarda, Russiýanyň Ukraina çozmak ähtimallygy baradaky gorky-howatyrlaryň ýokarlanmagynyň arasynda, goldaw görkezmek üçin Kiýewe gelip, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini "parahatçylykly ýoly" saýlamaga çagyrdy.

ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi biraz öň prezident Jo Baýdeniň administrasiýasynyň geçen aý Kiýewe 200 million dollar goşmaça goranyş kömegini bermegi tassyklandygyny we Waşingtonyň “Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine ygrarlydygyny” aýtdy.

Blinken ukrain paýtagtynda, 20-nji ýanwarda, Günbatar agzybirligi tagallalarynyň çäginde Berline, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa bilen dört taraplaýyn gepleşik geçirmäge gitmezinden öň prezident Wolodymyr Zelenskiý we beýleki ýokary derejeli resmiler bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň baş diplomaty 21-nji ýanwarda Ženewada rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşar.

Russiýanyň Ukrainanyň serhedinde takmynan 100,000 esger toplamagy we Belarusda gyssagly türgenleşik geçirmek üçin ep-esli täze güýç ýerleşdirmegi bilen, Günbatar paýtagtlarynda täze, uly bir konfliktiň howpy baradaky howsala duýduryşlary eşidilýär.

Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki 18-nji ýanwarda žurnalistlere "Bu diýseň howply ýagdaý. Biz häzirki wagtda Russiýanyň islendik wagt Ukraina hüjüm edip biljek pursatynda durus" diýdi.

XS
SM
MD
LG