Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Efire çykmak düzgünlerine hemmeler eýermeli”


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrligi döwlet diliniň kadalaryna laýyk gelmeýänligi we içerki önümleriň nazarda tutulmaýandygy üçin, käbir teleýaýlymlaryň analog we sanly öýjükler arkaly efire berilmegine wagtlaýyn gadaganlyk girizdi.

"Telewideniýe we radio ýaýlymlary hakyndaky" kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri esasynda, şeýle karara gelindi.

Golaýda Gyrgyzystanyň Medeniýet, informasiýa, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi teleýaýlymlara ygtyýarnama gözegçiligini amala aşyrdy. Netijede, “8-nji kanal”, “RTV Media”, “NTV KeyGi” we “Domaşnyý” kanallaryna Gyrgyzystanda ýaýlym bermek rugsatlary saklanyldy. Ministriň orunbasary Çyngyz Esengulow bu kararyň gysga wagtda kabul edilmändigini, mundan öň ministrlik tarapyndan olara duýduryş berlendigini, ýöne kemçilikleriň aradan aýrylmandygyny aýtdy:

– Teleýaýlym kanallary barlananda, kanunyň bozulandygy ýüze çykaryldy. Barlagyň netijelerine görä, birnäçe telekanallaryň programmalaryny ýaýlyma bermek 20-nji marta çenli ýatyryldy. Bilşiňiz ýaly, resminamany biz üýtgetmeýäris. Ony diňe arzanyň esasynda ýa-da kazyýetiň karary bilen üýtgedip bolýar. Bu ýerde aýdyljak bolunýan zat Medeniýet, informasiýa, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi olary öçürýär diýilse, ol hakykata laýyk däl. Biz diňe teleýaýlymlaryň efire çykmagyny togtatdyk. Olar kanun bozulmalary aradan aýyrsalar, efire goýberiler. Biz kanunyň höküm sürýän döwletinde ýaşaýarys, şonuň üçinem düzgüni hemmeleriň deň ýerine ýetirmegi gerek. Şol sanda "Telewideniýe we radio ýaýlymlary hakyndaky" kanuny hem – diýip, döwlet resmisi aýdýar.

Kanuny kim berjaý etmeýär?

Telewideniýe we radio ýaýlymlary baradaky kanunyň 31-nji maddasyna laýyklykda, duýduryş alan we jerime töledilen telekanallar döwlet diliniň kadalaryny we milli önümleri peýdalanmak düzgünini nazarda tutmandyrlar.

“8-nji kanal”, “RTV Media”, “NTV KeyGi” we “Domaşnyý” kanallarynyň ýaýlymynyň wagtlaýyn togtadylmagyna goşmaça, tabşyrylan arza laýyklykda, “REN TV” teleýaýlymynyň rugsady hem ýatyryldy. Ministrlik 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan, “REN TV” telekanalynyň Gyrgyzystanda ýaýlymyny bes etjekdigini habar berdi.

“REN TV” telekanalynyň metbugat gullugy telekanalyň Gyrgyzystanyň ýerine ýetiriji guramalaryndan onuň işini bes etmegi barada, hiç bir duýduryş almandygyny hem-de onuň “Respublikanyň çägindäki alyp barýan işleriniň hemişe ýerli kanunçylyga laýyklykda alnyp barylýandygyny" belledi.

"Ýagdaýy düşünişmeli bolarys, ýurtda işleýän metbugat üçin maglumatyň we söz azatlygynyň deň hukuklylygy üpjün ediler diýip umyt edýäris" diýlip, habarda aýdylýar.

Häzirki wagtda ýaýlymda çäklendirilen telekanallaryň beýleki wekillerinden teswir ýa-da düşündiriş almaga mümkinçilik bolmady.

"Telewideniýe we radio ýaýlymy baradaky" kanun 2007-nji ýylda kabul edildi we 2017-nji ýyldaky düzedişde birnäçe talaplara garaldy. Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda, telewideniýe we radio gepleşikleriniň we ýaýlymlarynyň azyndan 50%-iniň içerki önümler bolmalydygy aýdylýar, ýaýlymlaryň azyndan 50%-i hem döwlet dilinde alnyp barylmaly.

“Žurnalistler” jemgyýetçilik birleşiginiň prezidenti Mars Tölegenowyň aýtmagyna görä, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi, şertleri we talaplary birmeňzeş bolmasa, nägilelik dowam eder. Ol Ministrligiň kararynyň syýasylaşdyrylmagyny nädogry hasaplaýar:

– Ilki bilen her edara iş alyp barmak üçin, döwletden rugsat aljak bolanynda, talaplar göz öňünde tutulýar. Olar öz işlerinde kanuny berjaý edýändikleri üçin rugsat alýarlar ýa-da bolmasa, kanuny berjaý egmejekdiklerini ilkibaşdan aýtmalydyr. Biz bu ýerde söz azatlygyna hiç hili çäklendirme göremzok. Sebäbi ýerli metbugat talaplara laýyk işleýärler. Näme-de bolsa, gazanç etmäge hem [ýerli materiallary] terjime etmäge çalyşýarlar. Eger olar nähilidir çäre kabul etmän işleseler, onda başgalar bu işden närazy bolýarlar. Onsuzam olara närazylyk bildirdiler. Döwletiň olary goldamaga, kanunlara laýyk gelýän ýerli önümleri taýýarlamak üçin, sargytlar etmäge mümkinçiliginiň ýokdugyny bellemek gerek. Elbetde, telekanallarynyň pulunyň bardygyny, işlemek üçin mümkinçilikleriniň belli bir derejede ýeterlikdigini tassyklaman bolmaz – diýip, Mars Tölegenow aýdýar.

"NTS-iň” müdiri Miržan Balybaýew ministrlik tarapyndan çäklendirilen telekanallara ozal talaplaryň aýdylandygyny öňe sürýär. Kanunyň talaplary hemmeler üçin deňdir, şoňa görä, haýsy telekanalyň efire çykmagyna gadaganlyk girizilen bolsa, olaryň talaplary ýerine ýetirmeýändikleri sebäpli, muny dogry hasaplaýar. Balybaýewiň aýtmagyna görä, käbir kanallar kanunyň talaplaryna laýyklykda, ýerli önümi taýýarlamak üçin pul sarp edýärler, ikinjisi bolsa beýleki telekanallaryň önümlerini alyp görkezýär we reklamadan pul gazanýar:

– Media giňişliginde tertip-düzgüni ýola goýmak gerek. Biziň hemmämiz ministrligiň soňky kararyny goldaýarys. Sebäbi biz kanunyň kadalaryny berjaý etjek bolup, käbir kynçylyklara duş geldik. Haýsydyr biri başga biriniň önümini ýaýlyma berip, reklamadan pul gazanýarka, kimdir biri kanunyň berjaý edilişine gözegçilik etmelidir?! Talaplar we şertler hemmelere birmeňzeş bolmaly. Häzirki gelnen karary syýasylaşdyrmagyň hajaty ýok. Eger döwlet ähli telekanallara kömek edip bilmeýän bolsa, diýmek, talaplar hem şertler hemmeler üçin birmeňzeş bolmaly. Kanun hemmeler üçin deň ahyryn. Iri daşary ýurt kanallary üçin aýratyn şertler bolmaly däldir. Eger reklamalaryň ählisi olara gitse, Gyrgyzystanyň metbugat pudagy nähili öser?! Şeýle ýagdaýda haýsy maglumat howpsuzlygy, ideologiýa we dil meselesi barada gürrüň bolup biler? Talap bar, ol talaby her kim ödemeli – diýip, Miržan Balybaýew belleýär.

Telekanallar birleşiginiň ýerine ýetiriji direktory Asel Askarowa "Telewideniýe we radio ýaýlymy baradaky" kanuny hemmeler berjaý etmeli diýip hasaplaýar. Şeýlelik bilen, “Mir” hem Russiýanyň ORT we RTR telekanallary döwletara şertnama esasynda işleýändikleri sebäpli, olara dil ýa-da başga talaplar ýok. Şeýle hem, özüniň ýolbaşçylyk edýän birleşiginiň ýurtda işleýän telekanallaryň sanawyny takyklamak üçin, teklip taýýarlaýandygyny aýtdy.

– "Telewideniýe we radio ýaýlymy baradaky" kanunda diňe bir dil babatda däl, başga talaplaram bar. Ol ýerde awtorlyk hukugy meselesi hem ýazylypdyr. Ony köpler berjaý etmeýärler. Şoňa görä, talaplar hemmeler üçin deň bolup, her kim olara eýermeli. ORT we RTR döwletara şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär, şonuň üçin ol ýerde köp talaplar göz öňünde tutulmaýar. Bulardan RTR reklamadan pul gazanýar. Ýerli serişdeler efire berilýärmi, bize maglumatlary aýan etmeli. Biziň birleşigimiz, meselem, “TRT Avaz” kanaly we beýlekiler haýsy şertlerde işleýärler diýip, jogap almak üçin sorag iberdi.

Häzirki wagtda Gyrgyzystanda 60-dan gowrak hususy telekanallar we radio gepleşikleri hasaba alyndy. Olaryň 42 sanysy hususy şertde işleýär. Medeniýet ministrligi respublikanyň çäginde bar bolan we iş alyp barýan telekanallara gözegçilik edilýändigini yglan etdi. Şuňa laýyklykda, her ýylyň ahyrynda geçen netijelere esaslanýan degişli karar kabul edilýär. 2019-njy ýylda Maglumat we köpçülikleýin aragatnaşyk edarasy 7 kanala jerime saldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýä

XS
SM
MD
LG