Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tokaýew goranmak ministrini täzeledi, Mejlis Nazarbaýewi ömürlik wezipelerinden boşatmak teklibini makullady


Nursoltan Nazarbaýew 2019-njy ýylyň martynda wezipeden çekilýändigini yglan etse-de, ägirt uly syýasy täsirini saklap galdy.
Nursoltan Nazarbaýew 2019-njy ýylyň martynda wezipeden çekilýändigini yglan etse-de, ägirt uly syýasy täsirini saklap galdy.

Gazagystanyň liderleri ýurtda ýüze çykan ganly protestlerden bir hepde soň hökümet resmilerini çalyşmak, şeýle-de ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ömürlik wezipelerini ýatyrmak bilen prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň häkimiýetini mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrundaky çärelerini dowam etdirýärler.

19-njy ýanwarda Tokaýew goranmak ministri Murat Bektanowy wezipe borçlaryndan boşatdy we dessine onuň ýerine içeri işler ministriň ozalky orunbasary Ruslan Žaksylykowy belledi.

Şol günüň özünde, gazak parlamentiniň aşaky öýi, Mejlis, käbir kanunçykaryjylaryň Nazarbaýewiň ýurduň täsirli döwlet gurluşlary bolan Howpsuzlyk Geňeşiniň we Gazagystanyň Milli Assambleýasynyň ömürlik başlyklygyndan aýyrmak teklibini makullady.

Nazarbaýew 2019-njy ýylyň martynda wezipeden çekilýändigini yglan edip, öz ornuny Tokaýewe geçireninden soň hem, nebite baý ýurduň syýasy durmuşynda ägirt uly täsirini saklamagyny dowam etdirdi.

Ol “ýelbasy”, ýagny “milletiň lideri” hökmünde tas çäksiz häkimiýetden peýdalandy, şeýle-de Howpsuzlyk Geňeşiniň we Gazagystanyň Milli Assambleýasynyň ömürlik başlyklygyna bellendi.

Ýanwaryň başynda çetdäki Žanaozen şäherinde ýangyç serişdeleriniň bahalarynyň gymmatlamagyna garşy başlanan protest dessine tutuş ýurda tutaşdy. Munuň netijesinde, ýurduň iň iri şäheri Almatyda we beýleki sebitlerinde gazaply çaknyşyklar hem döredi.

Tokaýew protestleriň dowamynda, hiç hili düşündiriş bermezden, Howpsuzlyk Geňeşiniň başlyklygyna geçendigini yglan etdi.

XS
SM
MD
LG