Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak resmileri Almaty çaknyşyklaryndan soň dörän 'gizlin mazarlaryň' tapylandygyny aýtdylar


Almaty, 14-nji ýanwar, 2022.

Gazak resmileri ýanwar aýynyň başynda hökümete garşy guralan köpçülikleýin protestleriň arasynda bolan ganly çaknyşyklardan soň, Merkezi Aziýa ýurdunyň iň uly şäheri Almatyda "gizlin mazarlaryň" tapylandygyny aýdýarlar.

Almaty şäher polisiýa bölüminiň metbugat sekretary Saltanat Azirbek 20-nji ýanwarda şeýle mazarlaryň tapylandygyny tassyklady we olaryň “protestlere gatnaşan adamlaryň şahsyýetlerini anyklamak işini kynlaşdyrmak maksady bilen”, näbelli bir topar tarapyndan jaýlanan adamlaryň mazarlarydygyny öňe sürdi.

Almaty şäher polisiýa bölüminiň başlygy Kanat Taimerdenow Almaty morglaryna "terrorist" diýip güman edilýän adamlaryň birneçe gezek hüjüm edendigini we 41 jesediň alnyp gaçylandygyny aýtdy.

Gazak resmileri, şol sanda prezident Kasym-Žomart Tokaýew ýangyç bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli tolgunyşyklar mahalynda dörän zorlukly wakalarda hökümeti güýç bilen agdarmagy maksat edinen "terroristleri" günäkärledi. Emma olar bu aýdan zatlaryny tassyklamak üçin hiç hili subutnama görkezmedi.

Häkimiýetler demonstrasiýa wagtynda 227 adamyň, şol sanda 19 hukuk goraýjynyň öldürilendigini aýtdylar.

Adam hukuklaryny goraýjylar bolsa, bidüzgünçiliklerden bäri onlarça adamyň tapylmaýandygyny aýdyp, ölenleriň sanynyň has köp bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG