Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ganly protestlere 'Baýlar bilen garyplaryň arasyndaky tapawudyň' sebäp bolandygyny aýdýar


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Gazak prezidenti ýurtda bolan ganly protestlere "Baýlar bilen garyplaryň arasyndaky uly tapawudyň" sebäp bolandygyny aýdýar.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýanwar aýynyň başynda hökümete garşy gurnalan we Merkezi Aziýa ýurduny sarsdyran ganly çaknyşyklara alyp gelen protestlere baýlaryň we garyplaryň arasyndaky "kabul ederliksiz uly tapawudyň" sebäp bolandygyny aýtdy.

Tokaýew 21-nji ýanwarda nebite baý ýurduň öňdebaryjy kärhanalarynyň wekilleri bilen duşuşyp, demonstrantlaryň käbiriniň orta atan meselelerini çözmek üçin "hakyky reformalary[" we "jemgyýetçilik gurluşlaryndaky düýpli özgerişlikleriň" zerurdygyny aýtdy.

"Yglan edilen sosial ykdysady maksatnamalar bilen hakyky ýagdaýyň arasyndaky tapawut uly derejelere baryp ýetdi we indi biziň öz ykdysady syýasatymyzy düýpgöter täzeden gurmagymyz gerek” diýip, Tokaýrew sözüni dowam etdirdi.

"Hemmä belli korrupsiýa bilen girdejilerdäki tapawutlar därili çelegiň golaýynda çakylan otluçöpüň roluny oýnady we bu ýagdaý terroristler, ýaragly adamlar we olaryň arkasyndaky ussatlar tarapyndan ulanyldy" diýip, Tokaýew aýtdy we özüniň eýýäm kyn kararlara gelendigini, geljekde hem şeýle kararlara geljekdigini aýtdy.

Şu aralykda gazak resmileri Merkezi Aziýa ýurdunyň iň uly şäheri Almatyda "gizlin mazarlaryň" tapylandygyny habar berdiler.

Almaty şäher polisiýa bölüminiň metbugat sekretary Saltanat Azirbek 20-nji ýanwarda şeýle mazarlaryň tapylandygyny tassyklady we olaryň “protestlere gatnaşan adamlaryň şahsyýetlerini anyklamak işini kynlaşdyrmak maksady bilen”, näbelli bir topar tarapyndan jaýlanan adamlaryň mazarlarydygyny öňe sürdi.
Almaty şäher polisiýa bölüminiň başlygy Kanat Taimerdenow Almaty morglaryna "terrorist" diýip güman edilýän adamlaryň birnäçe gezek hüjüm edendigini we 41 jesediň alnyp gaçylandygyny aýtdy.

Gazak resmileri, şol sanda prezident Kasym-Žomart Tokaýew ýangyç bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli tolgunyşyklar mahalynda dörän zorlukly wakalarda hökümeti güýç bilen agdarmagy maksat edinen "terroristleri" günäkärledi.

Emma olar bu aýdan zatlaryny tassyklamak üçin hiç hili subutnama görkezmedi.

Häkimiýetler demonstrasiýa wagtynda 227 adamyň, şol sanda 19 hukuk goraýjynyň öldürilendigini aýtdylar.
Adam hukuklaryny goraýjylar bolsa, bidüzgünçiliklerden bäri onlarça adamyň tapylmaýandygyny aýdyp, ölenleriň sanynyň has köp bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

XS
SM
MD
LG