Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kiýewdäki ilçihanasynyň işgärleriniň maşgala agzalarynyň Ukrainany terk etmegini buýurýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Birleşen Ştatlar Kiýewdäki ilçihanasynyň işgärleriniň maşgala agzalarynyň ol ýerden gitmegini buýurdy we ABŞ raýatlarynyň ählisiniň, Russiýadan abanýan harby hereket howpy sebäpli, Ukrainandan çykmak meselesi barada pikirlenmelidigini aýtdy.

Döwlet departamenti 23-nji ýanwarda ilçihananyň işgärleriniň maşgala agzalarynyň Ukrainadan çykmalydygyny we ilçihananyň o diýen zerur bolmadyk işgärleriniň, hökümetiň hasabyna, meýletin gidip biljekdigini aýtdy.

Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmisi žurnalistler bilen geçirilen wideoşekilli konferensiýada bu çäreler "paýhasly seresaplylyk we Ukraina berýän goldawymyzy ýa-da ygrarlylygymyzy hiç bir jähtden gowşatmaýar” diýdi.

Resmi ABŞ-nyň ilçihanasynyň "şu aýgytly pursatda, Ukrainany goldamak üçin, üznüksiz işlemegini dowam etdirjekdigini" aýtdy.

Döwlet departamentiniň beýanatynda Russiýanyň Ukraina garşy düýpli harby çäre görmegi meýilleşdirýändigi baradaky soňky habarlar hem bellenip geçildi, ýöne žurnalistlere maglumat beren resmi bu habaryň yglan edilmegine getiren anyk wakalaryň hiç birini agzamady.

Emma muňa garamazdan, ABŞ-nyň bu göçümi Waşingtonyň ýewropaly ýaranlary tarapyndan alnyp göterilmedi we, ÝB-niň ýokary derejeli resmisi 24-nji ýanwarda, Russiýa bilen gepleşikler dowam edýän wagtynda ýagdaýy "gyzyşdyrmak" zerurlygynyň ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG