Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistandan bolan bäş aýal Owganystandaky söweş hereketlerine gatnaşanlykda aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edildi


Täjigistanyň Ýokary kazyýetiniň jaýy
Täjigistanyň Ýokary kazyýetiniň jaýy

Täjigistan kazyýetleri Owganystandaky söweş operasiýalaryna gatnaşandygy üçin, bäş zenany uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi. Häkimiýetler bu jenaýat işleriniň ähli jikme-jikliklerini resmi taýdan aýan etmeýärler.

Ýagdaýa belet çeşmäniň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, ol aýallar geçen tomusda Owganystandan Täjigistana iberilipdir. Olara garşy gozgalan esasy aýyplama, Owganystanda hereket edýän "Yslam döwleti" ekstremist topary bilen hyzmatdaşlyk, ýöne iş kesilenleriň aklawçylary we aýallaryň özleri bu aýyplamany ret edýärler.

Häkimiýetler bu iş barada entek resmi maglumat bermedik hem bolsa, Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy aýallaryň atlaryny we azatlykdan mahrum edilen türme möhletlerini kesgitläp bildi.

• Nozira Arbobowa – 14 ýyl;

• Nargiza Halimowa – 14 ýyl;

• Farida Majidowa – 14 ýyl;

• Dilafruz Rizoýewa – 12 ýyl;

• Olima Kamolowa – 12 ýyl.

Çeşmeleriň aýtmagyna görä, ol aýallar geçen ýylyň 8-nji iýulynda, Owganystandan, Täjigistana ekstradisiýa edilipdi. Şondan soň olaryň garşysyna jenaýat işleri gozgalyp, 2021-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda höküm çykarylypdyr. Ol hökümler paýtagt Duşenbe şäheriniň Sino etrabyndaky hem-de Wahdat şäherindäki kazyýetler tarapyndan berlipdir.

Olimanyň taryhy

Owganystandaky söweşlere gatnaşmakda günäli tapylan bäş täjigistanly aýaldan diňe Olima Kamolowa barada maglumat metbugata elýeterli boldy. Geçen sentýabrda Wahdat şäher kazyýeti ony 12 ýyl azatlykdan mahrum edipdir. Kazy Haýrullo Habibullozoda höküm çykarylanda, Olima Kamolowanyň "hakyna tutma" görnüşde beýleki döwletleriň çägindäki söweşlere gatnaşmakda günäkärlenendigini (Täjigistan Respublikasynyň Jenaýat kodeksiniň 401-nji maddasynyň, 1-nji bölegi) mälim etdi. Olimanyň hossarlary onuň hiç wagt söweş hereketlerine gatnaşmandygyny aýdýarlar.

7-nji ýanwarda Täjigistanyň Ýokary kazyýeti Olima Kamolowanyň kazyýet işini ýatyrmak baradaky arzasyny ret etdi we ilkinji kazyýet kararyny öz güýjünde galdyrdy. Häkimiýetler Kamolowany adamsy bilen 2015-nji ýylyň ahyrynda Russiýa gidip, ol ýerden Azerbaýjana, şondan hem Tährana geçendigini, soňra bolsa Kabula we Nangarhara gitmekde aýyplady.

Wahdatyň ýaşaýjysyna garşy gozgalan jenaýat işinde hem onuň "Yslam döwleti" ekstremist hereketiniň bir bölegi hökmünde owgan hökümet güýçlerine garşy söweşijileriň toparynda söweşendigi öňe sürülýär. Olima Kamolowanyň aklawçysy Şabnam Iskandar 7-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolanda, häkimiýetleriň bildirýän aýyplamalarynyň esassyzdygyny aýtdy hem-de "kazyýet işiniň örän ýüzleý, diňe bir taraply – formal geçendigini” öňe sürdi.

Aklawçy: ony adamsy gorkuzypdyr

Aklawçy zenan Şabnam Iskandar öz goragyna alan müşderisi barada häkimiýetleriň Owganystandaky söweşlere gatnaşandygyny görkezýän hiç hili subutnama tapmandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, adamsy gyzynyň saglygyny bejertmek bahanasy bilen 2015-nji ýylda aýaly Olima Kamolowany Eýrana alyp gidipdir. "Tähranda adamysy Olima mukaddes ýerlere zyýarata gitmegiň zerurdygyny aýdyp, Owganystana gitmeli diýipdir. Olima gitmek islemändir, ýöne adamsy oňa aýrylyşjakdygyny aýdyp, haýbat atyp başlapdyr, şol gorkudan ol razy bolupdyr” diýip, Şabnam Iskandar aýdýar.

Bu maglumatlary tassyklamak ýa-da garaşsyz iki çeşmeden barlamak mümkin däl. Häkimiýetler açyk maglumatlary bermeýärler.

Olima Kamolowa dört çagasy bilen geçen ýylyň 8-nji iýulynda Owganystandan, Täjigistana ekstradisiýa edildi. Onuň garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, häkimiýetler Olimanyň çagalaryny entek olaryň terbiýesine bermändiler, çagalar döwlet internat jaýlarynda saklaýar.

Birleri Yrakda, beýlekileri Siriýada

"Yslam döwleti" toparynyň Horasan bölümi Owganystanda işjeň söweş alyp barýar. 2015-nji ýylda Siriýada we Yrakda bu ekstremist toparyň ýeňilmegi bilen Täjigistanyň käbir raýatlary Owganystana geçip, bu topara goşuldylar.

Ýokarda ýatlanan aýallardan öň hem birnäçe täjigistanly aýal "Yslam döwleti" toparyna agza bolandygy we ekstremist topar bilen hyzmatdaşlygy üçin, Yrakda uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilipdi. Şeýle-de bolsa, Täjigistanyň daşyndaky söweşlere gatnaşanlygy sebäpli bäş aýalyň tussag edilmegi biziň ýurdumyzda seýrek duş gelýär diýip, synçylardan biri aýdýar.

"Yslam döwleti" topary ýeňlenden soň, Täjigistandan giden başga bir topar aýal kürtleriň öz-özüni goranmak güýçleri tarapyndan ele geçirildi we olar Siriýadaky lagerlerde saklanýar. Ol aýallar lagerdäki örän agyr şertlerden ençeme gezek nägilelik bildirdiler we Täjigistan hökümetinden özlerini watanyna gaýdyp getirmegi çagyrdylar. Häkimiýetler olaryň ählisini yzyna gaýtaryp getirmegi wada berdiler, ýöne munuň haçan boljakdygyny aýtmadylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG