Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şu aýyň başynda Merkezi Aziýa ýurduny gurşap alan ganly tolgunyşyklardan soň, özünden öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ýene bir garyndaşyny işden aýyrdy.
Gazagystanyň prezidentiniň metbugat gullugy 25-nji ýanwarda Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Berik Imaşewiň ýerine Nurlan Abdyrowyň bellenilendigini aýtdy.
61 ýaşly Imaşew 2016-njy ýylyň sentýabr aýyndan bäri Merkezi saýlaw toparyna ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň gyzy Aida Imaşewa Nazarbaýewiň agtygy Nurali Alyýew bilen durmuş gurupdy.
Ýanwar aýynyň başynda uzakdaky Žanaozen şäherinde ýangyç bahalarynyň birden ýokarlanmagy sebäpli başlanan protestler gysga wagtda Gazagystanyň ähli ýerine ýaýrady we ýurduň iň uly şäheri Almatyda we beýleki ýerlerde zorlukly çaknyşyklaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.
Demonstrantlaryň gahar-gazabynyň köpüsi esasan, häkimiýeti tabşyrmazyndan ozal 1989-njy ýyldan bäri Gazagystany dolandyran öňki prezidente, N. Nazarbaýewe garşy gönükdirildi. Emma muňa garamazdan, onuň sahnanyň aňyrsynda oturyp, ýurdy öz gözegçiliginde saklamagy dowam etdirýändigi öňe sürülýär.
Tokaýew Nazarbaýewi ilkinji gezek aç-açan tankyt edende, ozalky prezidentiň ýolbaşçylygynda Gazagystanda köp girdejili kärhanalaryň we aşa baý adamlaryň peýda bolandygyny aýdyp, indi ýönekeý adamlaryň hem öz ýeterlik haklaryny almagynyň wagtynyň gelendigini belledi.
Şondan kän wagt geçmänkä Nazarbaýewiň iki giýewisi, Kaýrat Şaripbaýew we Dimaş Dosanow, iki sany uly döwlet kompaniýasyndaky iş ýerlerinden, degişlilikde “KazakGazdan” we “KazTransOildan” kowuldy.
Geçen hepde Gazagystanyň Milli telekeçiler palatasy “Atameken” Nazarbaýewiň giýewisi Timur Kulibaýewiň işinden aýrylandygyny habar berdi.
Bu maglumatlar Tokaýew Nazarbaýewiň körpe gyzy Aliýa Nazarbaýewa degişli uly girdejili kompaniýany aç-açan tankytlanyndan birnäçe gün soň yglan edildi.
Ondan öň Nazarbaýewiň iň ýakyn ýaranlaryndan biri, Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Karim Masimow we onuň iki orunbasary döwlete dönüklik etmekde aýyplanyp, gyssagly ýagdaýda tussag edilipdi.
Tokaýew hiç hili jikme-jiklige girmän, müňlerçe "daşary ýurtly terroristiň" Merkezi Aziýa döwletiniň söwda paýtagty Almaty şäherine hüjüm edendigini öňe sürdi we bu aýyplamany Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk güýçleriniň goşunlaryny ýurda kömege çagyrmak kararyny delillendirmek üçin ulandy.
Kömege gelen harby bölümler Gazagystany geçen hepde terk etdi.
Gazak resmileri ýurtdaky bidüzgünçiliklerde, 19 hukuk goraýjy işgär bilen birlikde, 227 adamyň öldürilendigini habar berdiler.
Bidüzgünçilik wagtynda onlarça adamyň dereksiz ýitmegi bilen baglylykda, adam hukuklaryny goraýjy toparlar heläk bolanlaryň sanynyň aýdylyşyndan has köp bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler.
Tokaýew “göni atyp öldürmek” buýrugyny bereninden soň, polisiýa we harbylar tarapyndan öldürilen we ýiten adamlaryň arasynda, getirilýän delillere laýyklykda, parahat demonstrasiýaçylaryň we protestlere gatnaşmadyk asuda adamlaryň hem bolandygy belli bolýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.