Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýa “Talyban” bilen gepleşiklerde “açyk talaplaryň” beýan edilendigini aýtdy


"Talybanyň" wekilleri Osloda. Norwegiýa. 25-nji ýanwar, 2022 ý.
"Talybanyň" wekilleri Osloda. Norwegiýa. 25-nji ýanwar, 2022 ý.

Günbatar diplomatlary Norwegiýada “Talyban”delegasiýasy bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda mümkin ynsanperwer kömegini ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyna bagly edendiklerini aýtdylar.

25-nji ýanwarda Günbataryň birnäçe diplomaty bilen “Talybanyň” 25 adamdan ybarat wekiliýeti ýapyk gapylaryň aňyrsynda gepleşikleri geçirdiler. Bu “Talybanyň” awgustda häkimiýeti gaýtadan eline geçireninden soň, Ýewropa eden saparynyň çägindäki soňky duşuşygy boldy.

Norwegiýanyň döwlet sekretary Henrik Tune 25-nji ýanwardaky gepleşikleriň öňýany Günbatar diplomatlarynyň “Talybanyň” öňünde “açyk talaplary” goýjakdyklaryny, şeýle-de “bularyň nä derejede berjaý ediljekdigine gözegçilik etjekdiklerini” mälim etdi.

Norwegiýa Owganystanda adam hukuklarynyň, esasan hem aýallaryň we azlyklaryň haklarynyň hem goralmagyna çagyrjakdygyny aýtdy.

Awgustda “Talyban” Owganystanda häkimiýeti ele geçireninden soň, şeýle-de munuň yzy bilen ozal berlen halkara hemaýaty togtadylandan soň, ýurduň gumanitar ýagdaýy tiz depginler bilen ýaramazlaşdy.

“Talyban” gepleşikleriň dowamynda ynsanperwer kömeginiň ýola goýulmagyny, şeýle-de özüniň halkara derejede ykrar edilmegini gazanjak bolýar.

Häzire çenli dünýäniň hiç bir döwleti Owganystanyň täze dolandyryjylaryny ykrar etmedi. Hukuk toparlary “Talybany” adam hukuklaryny gödek bozmakda aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG