Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Britaniýa, Russiýa Ukraina hüjüm etse, Putine garşy sanksiýalary girizip bilerler


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ we Britaniýa, eger-de Russiýa Ukraina hüjüm etse, onda rus prezidenti Wladimir Putine garşy şahsy sanksiýalaryň girizilmek ähtimallygyny aradan aýyrmaýandyklaryny duýdurdylar.

26-njy ýanwarda britan daşary sekretary Liz Truss çykyş edip, “Russiýadaky kompaniýalara we şahsyýetlere garşy has berk sanskiýalary girizmäge mümkinçilik berjek täze kanunçylygyň üstünde işleýändiklerini” mälim etdi.

Putine garşy sanksiýalar barada soralanda, ol “biz muny aradan aýyrmaýarys” diýip, belledi.

25-nji ýanwarda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden hem Ukraina hüjüm edilen halatynda, Putine garşy şahsy sanksiýalary girizip biljekdigini duýduryp, beýanat ýaýratdy. Bu Birleşen Ştatlaryň Kiýewe harby serişdeleri ugratmagyna we Günbatar liderleriniň Russiýanyň Ukraina hüjüm etmeginiň öňüni almak ugrundaky tagallalaryna gabat geldi.

26-njy ýanwarda Truss Britaniýanyň Ukrainany goranyş ýaraglary bilen üpjün edýändigini hem mälim etdi.

Baýden 25-nji ýanwarda eden çykyşynda, eger-de Russiýa özüniň serhetdäki 100 müňden hem aşa goşuny bilen Ukraina girse, onda munuň “Ikinji Jahan urşundan bäri amal edilen iň iri çozuş” boljakdygyny, şeýle-de munuň “dünýäni üýtgetjekdigini” belledi.

XS
SM
MD
LG