Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň gyzy bilen baglanyşykly kompaniýanyň dolandyryjysy öz janyna kast etdi


 Ruslan Şamşiýew
Ruslan Şamşiýew

Gazagystandaky “Operator ROP” kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Ruslan Şamşiýew öz janyna kast etdi diýip, Informburo.kz neşiri polisiýa salgylanyp habar berýär.

Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň körpe gyzy Aliýa Nazarbaýewa bilen baglanyşykly “ROP Operator” 2015-nji ýylda döredildi we gaýtadan işlemek ýygymy diýilýän esasynda, hasapdan çykarylan awtoulaglaryň böleklerini we ýaglaryny gaýtadan işlemek üçin köp töleg aldy.

Bu iş boýunça janyna kast etmäge ýetirmek aýyplamasy esasynda (Respublikanyň Jenaýat kodeksiniň 105-nji maddasy) jenaýat işi gozgaldy.

“Kozachkov offside” telegram-kanalynyň maglumatyna görä, Şamşiýew “Astana Apartments” söwda merkezinde ýerleşýän ofisinde öz janyna kast edipdir.

“ROP Operatoryň” başlygy Medet Kumargaliýew we ekologiýa ministriniň orunbasary Ahmetžan Primkulow 26-njy ýanwar güni irden Gazagystanda tussag edildi. Olar korrupsiýada güman edilip, wagtlaýyn tussaghana iberildi.

XS
SM
MD
LG