Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde gadagan edilen yslamçy toparyň agzalary saklandy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Özbegistanyň paýtagtynyň polisiýasy Daşkentde gadagan edilen yslam hereketiniň agzasy diýilýän adamlaryň bir toparyny tussag etdi.

Daşkent şäher polisiýa müdirliginiň 26-njy ýanwarda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, “Katiba al-Tawhid wal-Jihad” (Bir hudaýlylyk we mukaddes uruş brigadasy) toparynyň agzasy diýlip güman edilýän 30-a golaý adam tussag edildi.

Bu topar Özbegistanda 2016-njy ýylda terrorçy gurama hökmünde gadagan edildi. Ol adamlaryň haçan tussag edilendigi we nirede saklanýandygy aýdylmaýar.

Beýanatda aýdylmagyna görä, bu adamlar gadagan edilen toparyň taglymatlaryny Daşkende we ýurduň beýleki sebitlerinde ýaşaýan ýaşlaryň arasynda wagyz edipdirler.

Şeýle-de, bu toparyň agzalary Siriýadaky bikanun ýaragly bölümler üçin özbek raýatlarynyň arasyndan nöker toplamakda aýyplanýar.

Aglaba köplügi musulman bolan ýurduň häkimiýetleri soňky ýyllarda müňlerçe özbek raýatynyň Siriýada we Yrakda dürli yslamçy söweşiji toparlara goşulandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG