Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-i Hytaý, ABŞ, Orsýet ilçileri bilen duşuşyk geçirdi


Türkmen DIM-niň weý sahypasyndan alnan surat
Türkmen DIM-niň weý sahypasyndan alnan surat

Türkmenistanyň daşary işler ministri 26-njy ýanwarda we 27-nji ýanwarda Aşgabatda Hytaýyň, ABŞ-nyň we Russiýanyň baş ilçileri bilen aýratynlykda duşuşyk geçirdi.

Türkmen DIM-niň metbugat gullugynyň habaryna görä, amerikan ilçisi Metýu Stiwen Klimou bilen duşuşykda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri, umumy gyzyklanma döredýän sebitara we halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Raşid Meredowyň Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen geçiren duşuşynda diplomatlar şu ýylyň 25-nji ýanwarynda geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» onlaýn-sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda Daşary işler ministrlikleri derejesinde geçirilen duşuşykda syýasy we diplomatik hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümdigi nygtaldy, taraplar sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şu aralykda, türkmen mediasynyň maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekine etjek saparyna taýýarlyk görülýär.

XS
SM
MD
LG