Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daniýa Ýewropa Bileleşiginiň çäginde COVID-19 çäklendirmelerini ýatyran ilkinji ýurt boldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daniýa, rekord sandaky koronawirus hadysalaryna garamazdan, Ýewropa Bileleşiginiň çäginde COVID-19 çäklendirmelerini ýatyranilkinji ýurt boldy. Bu ýurtda häzir adamlaryň aglabasy koronawirusyň örän ýokanç, ýöne ýeňilräk “Omikron” görnüşi bilen keselleýär.

Skandinawiýa ýurdy COVID rugsatnamasyny, ýüz maskasyny dakynmak we barlaryň hem-de restoranlaryň çäkli wagt aralygynda açmak baradaky düzgünlerini ýene bir gezek ýatyrdy. Mundan ozal Daniýa geçen ýylyň sentýabr-noýabr aýlary aralygynda ähli koronawirus çäklendirmelerini ýatyrypdy.

Gijeki klublar hem 1-nji fewralda gaýtadan açylýar we ýapyk ýerlerdäki üýşmeleňlerde çäksiz adamyň ýygnanmagyna rugsat berilýär.

Şengen däl ýurtlardan Daniýa syýahat edýän, sanjym etdirmedik syýahatçylar üçin ýurduň serhedinde diňe birnäçe çäklendirmeler saklanyp galýar.

Çäklendirmeleriň gowşadylmagy, Daniýada koronawirus bilen keselleýän adamlaryň gündelik sanynyň 40000-50000 aralygyna ýeten mahalyna gabat geldi. Bu san ýurduň 5,8 million ilatynyň takmynan 1%-ne barabardyr.

Daniýalylaryň 60 göteriminden gowragy waksinanyň üçünji dozasyny aldy. Bu netije saglyk edaralarynyň meýilnamasyndan bir aý öň amala aşyryldy. Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynda bu babatdaky ortaça görkeziji 45%-den pesdir.

XS
SM
MD
LG