Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda türkmen bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan dabaralar başlandy


TDH-nyň dabarda düşüren suraty
TDH-nyň dabarda düşüren suraty

Mukamlar köşgünde dutar senetçiliginiň, dutar sazandalygynyň we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabara geçirildi diýip, TDH 1-nji fewralda habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň geçen ýylyň dekabrynda Parižde geçirilen mejlisinde türkmen bagşyçylyk sungaty barada karar kabul edilip, ÝUNESKO-nyň degişli güwänamasy 30-njy ýanwarda Aşgabada gelip gowuşdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu waka mynasybetli çap eden gutlagynda nygtalmagyna görä, türkmen dutarynyň şirin owazlary ...parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar.

Dabarada «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen ada mynasyp bolan dutar ussalarynyň atlary dabaraly ýagdaýda yglan edildi.

Ýurduň Baş drama teatrynyň artistleriniň “Dutar janly» diýilýändir türkmene!” atly edebi-sazly çykyşy dabara gelenler üçin ajaýyp sowgat boldy diýip, habarda bellenýär.

Çykyş edenler Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” eserleriniň, “Çalsana, bagşy!” atly täze bäsleşigiň yglan edilmeginiň ähmiýetini bellediler.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi dabaraly maslahat bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi diýip, habarda aýdylýar.

Döwlet eýeçiligindäki habar gullugynyň maglumatyna görä, dutar senetçiliginiň, dutar sazandarlygy we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli guralýan çäreler dowam edýär; welaýatlaryň “Türkmeniň ak öýi” binalarynda bagşy-sazandalaryň konsertleri teleýazgy ediljegi, muzeýlerde we kitaphanalarda, konsert zallarynda, ugurdaş okuw mekdeplerinde ...köp sanly çäre geçiriljegi aýdylýar.

Şeýle-de, resmi habara gşrä, bu waka mynasybetli sahna oýunlary, çeper we telefilmler dörediler.

XS
SM
MD
LG