Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goranmak ministri, bilelikdäki harby türgenleşikleriň öňýany, Belarusa geldi


Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu
Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu

Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu 3-nji fewralda Belarusa geldi diýip, rus habar serişdeleri maglumatlar berýärler. Bu şu aý başlanmaly Russiýa-Belarus bilelikdäki harby türgenleşikleriň öňýanyna, şeýle-de Russiýanyň Ukraina bilen serhedinde harbylarynyň sanyny artdyrmagy sebäpli Günbatar bilen Moskwanyň arasyndaky dörän dartgynlylyklara gabat geldi.

Şoýgunyň diýdimzor Aleksandr Lukaşenka bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Bilelikdäki harby türgenleşikler 10-njy fewralda başlanyp, 10 gün, ýagny 20-nji fewrala çeni dowam eder.

Russiýa Ukraina bilen hem serhet araçägi bolan Belarusa sany aýdyňlaşdyrylmadyk goşunyny we harby tehnikalaryny ýollady. Moskwa bularyň harby türgenleşiklerden soň yzyna äkidiljekdigini aýdýar.

Şoýgu türgenleşiklere gatnaşjak harbylarynyň 2011-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde kabul edilen Wena dokumentinde göz öňünde tutulan iň ýokary görkezijilerden geçmejekdigini aýtdy.

Resminama laýyklykda, türgenleşiklere 13 müň esger, 300 tank, 500 harby ulag we 3 müň 500 desantçy çekilip bilinýär.

Günbatar, Russiýanyň Ukraina hüjüm etmäge taýýarlyk görýän bolmagynyň mümkindigi baradaky howatyrlanmalarynyň arasynda, Moskwanyň hereketlerini içginden yzarlaýar.

Bu aralykda, NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg soňky günleriň dowamynda Russiýanyň Belarusa 30 müň esgerini we soňky görnüş ýaraglaryny iberendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG