Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Gyrgyzystana howpsuzlyk kömegi hökmünde 50 million ýuan berer


Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Pekinde Hytaýyň lideri Si Szinpin bilen gepleşik geçirdi.
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Pekinde Hytaýyň lideri Si Szinpin bilen gepleşik geçirdi.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Pekine iş saparyny tamamlady we 6-njy fewralda Bişkek şäherine gaýdyp geldi.

Gyrgyz prezidentiniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, ol ýurduna dolanmazdan ozal Hytaýyň lideri Si Szinpin bilen duşuşyp, syýasy, söwda we ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, bilelikdäki taslamalara maýa goýumlaryny çekmek barada gepleşik geçirdi.

COVID-e garşy görlen degerli çäreleri nazarda tutup, taraplaryň ýurtlaryň arasynda howa gatnawyny tapgyrlaýyn dikeltmek we ýük gatnawyny köpeltmek zerurlygyny belländigi habar berilýär.

"Hususan-da, Torugart we Irkeştam barlag nokatlarynyň geçiriş kuwwatyny giňeltmek barada gürrüň edilýär" diýip, prezident edarasy aýtdy.

Mundan başga, hytaý tarapynyň Gyrgyzystana goşmaça bäş million dozada koronawirus sanjymlaryny we howpsuzlyk kömegi hökmünde 50 million ýuana, takmynan 7,8 million dollar serişde bermek kararyna gelendigi aýdylýar.

Şeýle-de Žaparow duşuşyk wagtynda Gyrgyzystanyň Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Gyrgyzystan-Hytaý serhedinden geçýän "ýaşyl koridorlaryň" netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

XS
SM
MD
LG