Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Interpol gyzlary aldap, jelepçilige mejbur eden özbegistanly aýaly 9 ýyl gözledi


Bezeg suraty
Bezeg suraty


Adam söwdasy aýyplamalary esasynda gözlenilýän özbek raýaty Birleşen Arap Emirliklerinden deportasiýa edildi. Bu habary Interpoluň Özbegistandaky Merkezi milli býurosy çap etdi.

Býuronyň maglumatyna görä, ol aýal 2013-nji ýyldan bäri Interpol arkaly halkara derejesinde gözlenýän adamlaryň sanawynda bolup, 9 ýyldan soň tussag edildi.

Habarda aýdylmagyna görä, ol aýal gyzlara gowy aýlykly işleri wada berip, aldaw ýoly bilen BAE-e alyp gidipdir. Soň ol gyzlaryň pasportlaryny ellerinden alyp, olary jelepçilik bilen meşgullanmaga mejbur edipdir.

Interpoluň Merkezi milli býurosy bilen Buhara sebitiniň Içeri işler müdirliginiň işgärleriniň bilelikde alyp baran işleriniň netijesinde, gözlenilýän aýal ahyrynda BAE-nyň hukuk goraýjy guramalary tarapyndan tussag edildi we Özbegistana iberildi.

XS
SM
MD
LG