Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TDH mejlisde döwlet durmuşynyň 'örän möhüm meselelerine' garaljakdygyny aýdýar  


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Şu gün, 11-nji fewralda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär diýip, TDH habar berýär.

Hökümetiň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýat, etrap we şäher häkimleriniň, welaýat, etrap hem-de şäher Halk Maslahatlarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisde geçen ýylyň jemlerine seredilip, geljek 30 ýylda çözülmeli iň möhüm wezipeleriň kesgitlenmegine garaşylýar.

Şeýle-de mejlisde, anyklaşdyrylmazdan, “döwlet durmuşynyň örän möhüm meselelerine garaljakdygy”, bu meseleleriň “ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etjekdigi” bellenýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň işi iki bölekden ybarat bolup, arakesmede toý sadakasy berler.

Sadakadan soň ýurdy 2022 – 2052-nji ýyllar aralygynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Azatlygyň habarçylary ýurtda howpsuzlyk çärleriniň berkidilendigini, internetiň haýallandygyny habar berýärler.

XS
SM
MD
LG