Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň, Günbataryň aladalarynyň arasynda Russiýa, Belarus uruş oýunlaryna başlady


Belarus harbylary
Belarus harbylary

Russiýa we Belarus sebitdäki dartgynlyklaryň hasam ýokarlanan wagtynda uly söweş oýunlaryna başlap, Moskwanyň harby niýetleri baradaky aladalaryň güýçlenmegine, Günbatar we Ukraina tarapyndan ýazgarylmagyna sebäp boldy.

10-njy fewralda başlanan harby türgenleşikler Belarusyň günortasynda, Ukraina bilen serhediň golaýynda geçirilýär.

Iki ýurduň harby resmileriniň aýtmagyna görä, söweş oýunlary 10 gün dowam eder.

Bu türgenleşikler ABŞ we Ýewropa liderleriniň Russiýanyň ukrain serhediniň golaýynda toplan 100 000-den gowrak söweşe taýyn esgeri sebäpli ýüze çykan dartgynlygy azaltmak ugrunda edýän diplomatik tagallalarynyň has ýygjamlaşan wagtynda geçirilip, Moskwanyň öz goňşusynyň we bäsdeşiniň üstüne hüjüme geçmek ähtimallygy baradaky aladalary ýokarlandyrdy.

Moskwa özünüň Ukraina çozmak niýetiniň bardygyny ret edýär.

Russiýa 2014-nji ýylda Ukraina hüjüm edip, Krym sebitini basyp aldy we ýurduň gündogar sebitlerindäki separatist güýçlere goldaw berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bu türgenleşigiň bäş sany harby okuw meýdançasynda geçiriljekdigini we, resmileriň öz sözleri bilen aýdylanda, "daşarky agressiýany basyp ýatyrmak we ondan goranmak" çärelerine gönükdirilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG