Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Tokaýew bilen duşuşygynda Russiýanyň ýanwarda Gazagystana 'egin berendigini' aýtdy


Moskwa, 10-njy fewral, 2022.
Moskwa, 10-njy fewral, 2022.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen bolan duşuşygynda ýanwar aýynda bolup geçen wakalarda Moskwanyň goňşy döwlet bilen “egin-egne berşendigini” aýtdy.

Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy (KHŞG) geçen aý, Tokaýewiň haýyşy boýunça 2000-den gowrak esgeri Gazagystana kömek üçin iberdi. Gazak prezidenti şonda ýurduna “daşardan agressiýa” edilendigini öňe sürdi.

Putin Tokaýew bilen Moskwada geçiren gepleşiklerinde gazak häkimiýetleriniň daşary ýurtlardan gatyşylandygy baradaky beýanatyny goldady we Gazagystanyň "ýurduň içindäki ýagdaýdan peýdalanan haýsydyr bir halkara toparçaklarynyň pidasy bolandygyny" aýtdy.

Tokaýew Putin bilen geçiren gepleşiklerinde ýanwar aýynyň başynda, hökümete garşy guralan köpçülikleýin demonstrasiýalaryň bidüzgünçiliklere ýazmagyna we gan dökülmegine getiren wakalaryň "halkara terroristleriniň, garakçylarynyň ýeserlik bilen taýýarlan operasiýasy" bolandygyny öňe sürdi.

Ol munuň konstitusiýon gurluşy ýykmak we, elbetde, döwlet agdarylyşygyny geçirmek” maksady bilen edilendigini aýtdy.

Ýöne gazak häkimiýetleri terroristleriň bolandygy we daşary ýurtlardan gelendigi barada eden beýanatlaryny tassyklaýan hiç hili subutnama görkezmeýär.

Gazagystandaky bidüzgünçilikleriň jogapkärçiligini hiç bir terror guramasy öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG