Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köşkler, willalar, myhmanhanalar: DW žurnalistleri Nazarbaýewler maşgalasynyň Germaniýadaky kaşaň emlägini tapdylar


Germaniýadaky Bühlerhöhe köşk-myhmanhanasy, bu bina taryhy ýadygärlik derejesine eýe bolup, Deutsche Welle žurnalistleriniň bellemegine görä, Timur Kulibaýewe degişli diýilýär.
Germaniýadaky Bühlerhöhe köşk-myhmanhanasy, bu bina taryhy ýadygärlik derejesine eýe bolup, Deutsche Welle žurnalistleriniň bellemegine görä, Timur Kulibaýewe degişli diýilýär.

“Doýçe Welle” (Deutsche Welle) Nemes telewideniýe kompaniýasynyň žurnalistleri barlag geçirip, Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň maşgala agzalarynyň Germaniýada birnäçe gozgalmaýan kaşaň emläginiň bardygyny habar berdiler. Awtorlaryň mälim etmegine görä, ol mülkleriň we myhmanhanalaryň, şol sanda taryhy ýadygärlikler statusy bolan binalaryň gazak eýeleri öz emläklerinde hiç haçan ýaşamadylar, ýöne ol baýlyk üçin, azyndan 100 million ýewro maýa goýdular.

«GARA GÜN ÜÇIN OGRYN ÝER»

Doýçe Welle žurnalistleriniň mälim etmegine görä, bu ýerde gürrüň Seelah köşgi hem-de kurort şäherçesi Baden-Badende ýerleşýän arhitektor Gustaw Strohyň gurduran willasy (ol taryhy ýadygärlik saýylýar), şeýle hem Germaniýanyň öňki kansleri Konrad Adenaueriň baryp görmegi halaýan Bühlerhöhe köşk-myhmanhanasy (ol hem taryhy ýadygärlik) hakda barýar. Bu ýerde ABŞ-yň öňki prezidenti Bill Klinton, BMG-niň öňki Baş sekretary Kofi Annan we beýlekiler bolupdyrlar.

Derňewde ady agzalmadyk Bullede ýerleşen başga bir myhmanhana hem bar. Ol ýer Baden-Baden şäheriniň golaýyndaky Baden-Württembergde ýerleşýär.

Görnüşinden, ol mülk emläkleriň merkezi Seelah köşgi bolup durýar. Doýçe Welleniň habaryna görä, onuň çäginde gurluşyk işleri takmynan 10 ýyl dowam edipdir, oňa azyndan 60 million ýewro harç edilen bolsa gerek.

Indi Seelah köşgi gözelligi bilen “haýran galdyryjy” diýip, DW ýazýar: willanyň daş-töweregini suw çüwdürimleri bolan seýilgäh gurşaýar, “müň inedördül metr töweregi kaşaň spa meýdany” bar, uzynlygy 25 metrlik howzuň üstündäki aýna gümmezi bolsa hatda kosmosdan düşürilen suratlarda-da görmek bolýar.

"Bu baýlygy gören az sanly adam ‘bu öňki SSSR ýurtlaryndan bolan multimillionerleriň pullary bilen edilen iň täsirli ýer’ diýip, biragyzdan aýtsalar gerek” diýip, ol barlagy geçirenler tassyklaýarlar. Awtorlar bir çeşmäniň aýdan sözüne salgylanyp, bu işler üçin “pul gaýgyrylmandygyny” aýdýarlar.

Baden-Badende ýerleşýän Zeelah köşgi
Baden-Badende ýerleşýän Zeelah köşgi

DW žurnalistleriniň maglumatyna görä, görnüşinden, ilki başda köşk hem-de Ştro willasy 2010-njy ýyllarda kagyz ýüzünde gazagystanly telekeçi Ýakow Tshaýa degişli bolupdyr. DW derňewçileriniň bellemegine görä, ol telekeçi “Dostar-Invest” Holding we “Dostar Oil Servic” nebit kompaniýasy arkaly rekonstruksiýa işleri üçin, onlarça million ýewro maýa goýupdyr, soň bolsa willalary Gazagystanyň öňki prezidentiniň giýewi, Nursoltan Nazarbaýewiň ortanjy gyzy Dinaranyň adamsy Timur Kulibaýew bilen baglanyşykly kompaniýa geçiripdir.

DW Ýakow Tshaýy Kulibaýewleriň täjirçilik emläk pudagynda "görünmeýän hyzmatdaş" hasaplaýar, ol jemgyýetçilik ýerlerinde göze ilmeýän adam hökmünde tanalýar, açyk çeşmelerde ol hakda maglumat ýok diýen ýaly.

Derňewiň netijesine görä, Seelah emlägine Schloss Seelach Invest GmbH-den başlap, birnäçe kompaniýa eýeçilik edýär. Ony esaslandyryjy gazak Verus Praedium International bolup, ol hem Almatyda ýerleşýän “Kipros” kompaniýasyna degişlidir. Germaniýanyň bikanun ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maglumatlar bazasy bolan Aç-açanlyk sanawyna salgylanyp, awtorlaryň aýtmagyna görä, bu ýerde esasy çykyş edýän Kulibaýew bolup durýar.

DW maglumatyna görä, Bühldäki myhmanhanalar Tshaý bilen baglanyşykly Bühlerhöhe Castle Invest GmbH tarapyndan, 20 million ýewro satyn alnypdyr.

German metbugatynyň habaryna görä, Schlosshotel Bühlerhöhe "Gazagystanyň maýadarlary" tarapyndan 2013-nji ýylyň dekabrynda satyn alnypdyr.

DW maglumatyna laýyklykda, myhmanhanalar hem soňky hojaýynlar özlerine hem pula ünsi çekdirmän bilipdirler. Bulle şäheriniň häkimi Hubert Şnurryň žurnalistlere aýtmagyna görä, myhmanhanalary döwrebaplaşdyrmak üçin, hiç hili serişde goýulmandyr. Satyn alnandan soňra ol ýerde, Baden-Badendäki “willalarda işleýän ýüzlerçe litwaly gurluşykçy” ýaşapdyr.

Şäher häkiminiň sözlerine görä, nemes maýadarlary boş duran ýerleri satyn almagy teklip edýärler. "Emma gazaklar biziň hatlarymyza jogap bermeýärler" diýip, Şnurr aýtdy. Onuň pikiriçe, gymmat bahaly gozgalmaýan emlägiň eýeleri "gara gün üçin ogryn ýer” hökmünde satyn alýana meňzeýärler.

Baden-Badendäki gurluşyk işleri tamamlanandan soň, Tshaý Bulle şäherindäki myhmanhanalary Kulibaýewe gowşurdy diýip, Doýçe Welle ýazýar.

DW toparynyň çeşmelerine görä, onuň eýeler häzire çenli ol myhmanhanalara we willalara baryp görmändirler.

Derňewiň awtorlary Gazagystanyň syýasy bilermeni Dosym Satpaýewiň pikirine salgylanýar, ol bir söhbetdeşlikde nemes mülklerini we myhmanhanalaryny "alternatiw gaçybatalga" diýip atlandyrdy.

“Dürli ýurtlarda näçe köp dürli emläk bolsa, birdenkä bolmasyz iş ýüze çykanda, şonça-da amatly. Eger ýurt ösmese, onuň köp ýagdaýda rewolýusiýa bilen soňlanmagy mümkin. Şonuň üçin ol adamlaryň esasy maksady – çeşmelere birikmek hem-de mümkinçilik bar wagtynda, has köp gazanmak hem ony howpsuz ýerlere çykarmak" diýip, Satpaýew aýtdy.

DW düşündiriş aljak bolup, Baden-Badendäki willalary we Bühldäki myhmanhanalary bolan kompaniýalara ýüz tutdy, ýöne hiç bir jogap alyp bilmedi.

German-Gazak jemgyýetiniň başlygy Tomas Helm žurnalistler bilen gürrüňdeşlikde, “dokumentler nukdaýnazardan seredilende, Kulibaýewleriň Germaniýa maýa goýumlary kanuny – eger Gazagystanda olaryň gazanjy kanuny däl diýlip hasaplanan halatynda, Germaniýanyň hapa pullary ýuwmaga garşy kanunlaryny bozarlar" diýip düşündirýär.

“Emlägi konfiskasiýa etmek meselesini diňe kanuna esaslanýan döwlet öz kanuny karary bilen doňduryp biler. Bar zat subut edilmeli" diýip, Helm aýdýar.

NAZARBAÝEWLER TOPARYNYŇ BEÝLEKI GYMMAT BAHALY GOZGALMAÝAN EMLÄKLERI

Germaniýadaky köşkler we myhmanhanalar Nazarbaýewiň maşgala agzalarynyň daşary ýurtlardaky ýeke-täk emlägi däl. Azatlyk 2020-nji ýylda Gazagystanyň öňki prezidentiniň Günbatar ýurtlardaky willalary, köşkleri hem aýratyn kwartira bölümleri barada derňew geçirdi. Aýan edilen maglumatlar Nazarbaýewleriň daşary ýurtlardaky gymmat bahaly jaýlara maýa goýumlarynyň gerimine düşünmäge mümkinçilik berýär.

Azatlyk Radiosynyň hasaplamalaryna görä, Şweýsariýada, Fransiýada, Ispaniýada, Angliýada, ABŞ-da hem Çehiýada azyndan 785 million dollar maýa goýupdyrlar. Germaniýadaky gozgalmaýan emlägini hem öz içine almak bilen, Günbatardaky gozgalmaýan emläk üçin çykdajylar 900 million dollardan geçýär.

Gazagystanyň öz içinde hem Nazarbaýewlere degişli kaşaň hem gymmatbaha emläk az däl. Geçen aýda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy Almaty şäheriniň dag eteklerinde 135 gektar meýdany tutýan Nursoltan Nazarbaýewiň köşkleri, onuň üç gyzyna we ýegenine degişli emläkler baradaky maglumaty çap etdi.

Öňki Sowet gullukçysy bolan Nazarbaýew 30 ýyla golaý Gazagystana ýolbaşçylyk etdi. Ol 2019-njy ýylda prezidentlik wezipesinden çekilenden soňra-da, giň ygtyýarlyklary öz elinde saklap galdy. Diňe geçen aýdaky ganly

tolgunyşyklardan soň, täsirli Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy we häkimiýet başyndaky Nur Otan partiýasynyň ýolbaşçysy wezipesinden aýryldy. Bu Gazagystanyň birnäçe şäherde bidüzgünçiliklere we gan döküşlige öwrülen hökümete garşy köpçülikleýin protestlerden soň bolup geçdi (resmi maglumatlara görä, onda azyndan 227 adam öldi).

Protestçileriň närazylygy Nazarbaýewiň syýasy mirasyna – korrupsiýa, garyndaşparazlyga, ägirt uly sosial deňsizlige gönükdirildi.

Ýanwar aýynda Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa gözleg merkezi (OCCRP) Nazarbaýewiň dört sany haýyr-sahawat gaznasy barada aýdyp, myhmanhanalara, banklara, gymmat bahaly uçara we hatda makaron zawodyna goýlan azyndan 7,8 milliard dollarlyk emlägi ýüze çykardy. Özüne we maşgala agzalaryna garşy derňewleriň geçirilmezligini hem-de ýurtdaky emläkleriniň eldegrilmezligini kepillendirýän "elbasy" statusyndan peýdalanýan Nazarbaýew ol derňew işine reaksiýa bildirmedi. Onuň ýakynlary hem daşary ýurt emläkleri barada, köp sanly neşir maglumatlaryna düşündiriş bermän saklanýarlar.

Timur Kulibaýew we onuň aýaly Dinara Kulibaýewa ýurduň iň baý adamlaryndan biri saýylýar, Forbes žurnaly olary dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyna girizdi. Kulibaýew ýanwar aýynyň başynda bolup geçen wakalardan soň, täsirli wezipäni terk eden öňki prezidentiň maşgalasynyň birnäçe agzasynyň biridir. Ol milliarder 17-nji ýanwarda, “Atameken” milli telekeçiler palatasynyň prezidiumynyň başlygy wezipesinden çekilýändigini mälim etdi.

Kulibaýew ýurduň nebit-gaz pudagyndaky iň täsirli şahsyýetleriň biri hasaplanýardy. Ol Gazagystanyň Nebit-gaz we energiýa pudagy guramalary KAZENERGY toplumyna ýolbaşçylyk edip geldi. Mundan başga-da, Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, Milli Olimpiýa komitetiniň başlygy, şeýle hem Gazagystanyň boks federasiýasynyň başlygy. Ýakyn wagtda “Gazpromyň” direktorlar geňeşinde, onuň ornuny Germaniýanyň öňki kansleri Gerhard Şröderiň tutup biljekdigi habar berildi.

Barlagçylar hem-de synçylar awtokratik gurluşyň 30 ýyly dowamynda, Nazarbaýewiň töweregindäkileriň we ýakyn ýaranlarynyň baýlaşandygyny belleýärler, şol wagtyň özünde nebite, metala, kömre we beýleki çig mal çeşmelerine eýe bolan ýurduň ilatynyň uly bölegi garyplykda ýaşamagyny dowam etdirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG