Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain gazeti oligarhlaryň we telekeçileriň ýurdy köpçülikleýin terk edýändigini aýdýar


Wadim Nowinski (Ç) we Rinat Ahmetow, 2011
Wadim Nowinski (Ç) we Rinat Ahmetow, 2011

13-nji fewralda ukrain telekeçilerini alyp barýan 20 töweregi çarter reýsi we hususy uçar Kiýewden asmana göterildi diýip, "Ukrainskaýa prawda" gazeti habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, soňky alty ýylda beýle köp çarter reýsi bolmandy.

Žurnalistleriň habar bermegine görä, 13-nji fewralda Rinat Ahmetowyň (“Forbes” žurnalynyň maglumatyna görä, iň baý ukrainleriň sanawynda 1-nji ýerde) we Boris Kolesnikowyň (55-nji ýer) uçarlary Ukrainany terk etdi.

Neşiriň habaryna görä, Ahmetow 30-njy ýanwarda Ukrainany terk edip, Sýurih şäherine gitdi, häzir bolsa onuň ýene bir uçary Kiýewden çykdy. Kolesnikow žurnalistlere özüniň Kiýewdedigini we hiç ýere gitmek niýetiniň ýokdugyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, uçary tehniki gözegçilik üçin Praga uçupdyr.

Soňky hepdelerde Ukrainany köp telekeçi terk etdi. Wiktor Pinçuk 30-njy ýanwarda (Forbes sanawynda 2-nji ýer), Wadim Nowinski (8-nji ýerde) we Aleksandr Ýaroslawski (9-njy ýerde) 10-njy fewralda, Wasiliý Hmelnitskiý (29-njy ýerfde) we Wadim Stolar (64-nji ýerde) 12-nji fewralda, Andreý Stawnitser (49-njy) we Wadim Nesterenko (96-njy) 13-nji fewralda ýurdy terk etdi.

XS
SM
MD
LG