Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus kanun çykaryjylary Gündogar Ukrainadaky iki sebiti ykrar etmek baradaky karary tassyklady


Döwlet dumasynyň mejlisi
Döwlet dumasynyň mejlisi

Döwlet dumasy, rus parlamentiniň aşaky palatasy prezident Wladimir Putiniň gündogar Ukrainadaky iki sebiti garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etmegi baradaky towakganyň tassyklanmagy üçin ses berdi.

Döwlet dumasynyň spikeri, Kremle tarapdar we dolandyryjy “Bitewi Russiýa” partiýasynyň agzasy Wýaçeslaw Wolodin 15-nji fewralda, kanun çykaryjylar tarapyndan tassyklanan karara derrew gol çekjekdigini we ony Putiniň garamagyna iberjekdigini aýtdy.

Bu çäre, Putin tarapyndan tassyklanan halatynda, Russiýa bilen Ukrainanyň serhediniň golaýynda ýerleşýän rus harby güýçleriniň goňşy ýurda hüjüm etmek ähtimallygy sebäpli dörän dartgynlygy hasam güýçlendirip biler.

Russiýa özüniň hüjüm etmek meýilleri barada aýdylýanlary ret etdi we Günbatary krizis döretmekde aýyplady.

Adatça Donbas diýlip atlandyrylýan we öz-özlerini jar eden Donetsk we Luhansk halk respublikalarynyň ykrar edilmegi gündogar Ukrainadaky Minsk parahatçylyk etabynyň gutarandygyny aňladyp biler.

Bu sebitde hökümet güýçleri bilen Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň arasynda 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri barýan söweşlerde 13200-den gowrak adam öldi.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Iosif Borrell bu sebitleriň garaşsyzlygynyň ykrar edilmeginiň Minsk şertnamalarynyň görnetin bozulmagy boljakdygyny aýtdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow biraz öň žurnalistlere bu sebitleri ykrar etmek barada resmi pikir alyşmalaryň ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG