Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurluşykda gazanç edýän türkmen studenti Belarusda wepat boldy


 Mekan Saparow. "Turkmen.news" neşiriniň fotosuratlary
Mekan Saparow. "Turkmen.news" neşiriniň fotosuratlary

Belarusda bir gurluşyk meýdançasynda işleýän türkmenistanly student wepat boldy, ol beýik ýerden ýykylypdyr diýip, “Turkmen.news” öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Mekan Saparow üç ýyl bäri Maksim Tank adyndaky Belarus döwlet pedagogika uniwersitetinde okaýan eken. Ol 11-13-nji fewral aralygynda bolup geçen hadysa netijesinde ol agyr ýaralanýar. Ýaş ýigidi hassahana ýerleşdiripdirler, emma lukmanlar onuň janyny halas edip bilmändir.

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleri yzlaryndan, ene-atalaryndan yzygiderli kömek alyp bilmän, kyn ýagdaýlara düşýärler we, daşary ýurt mediasynda çykýan habarlara görä, käte agyr, surnukdyryjy işlerde işläp, saglyklaryna zeper ýetirýärler, wepat bolýarlar.

Emma döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty beýle habarlary bermeýär.

XS
SM
MD
LG